Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy JYNS AGZADA DÖRÄP BILJEK ÖRGÜNLER
( 13 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men 22 ýaşymda, jynsym erkek. Meniň ujydymyň aşagynda kiçijik 3-4 düwürtigiň döremegi meni ynjalykdan gaçyrýar. Meniň özümi hiç zat biynjalyk edenok. Men mundan 3 ýyl öň jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesele sezewar boldum we bejergi aldym. Bejergiden soň geçen barlagym meniň sagalandygymy görkezdi. Şeýle ýagdaý mende 1 ýyldan bäri dowam edýär. Bu nämeden bolup bilýärkä?

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Ujytda düwürtijikleriň ýa-da başga örgünleriň döremeginiň sebäbini barlag geçirmezden anyklama synanşygy çaklamalara getirip biler. Çünki sizi biynjalyk edýän düwürtik görnüşdäki örgünler kömelekli zeperlenmeleriň, deriniň streptodermiýa keseliniň, galtaşykly mollýuskiň, kondilomalaryň ýa-da ownuk papillomalaryň alamaty bolup biler. Geçmeýän örgünleriň sebäbini we görnüşini anyklamak üçin dermatowenerolog ýa-da urolog lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Maksat 2015-02-17 22:05
Essalamualeykum Lukman! Men ujyt sowuklama bolly welin bejergi allym emma wagyt gecmegi bilen yene sowuklama alamatlary peyda bolyar. Urologlara yuz tutmana cekinyan men masgalaly welin mana maslahat berayinda ????
Sitata
 
 
#1 Gangsta 2015-01-14 18:31
Hormatly lukman meniñ size sheyle soragym bar gyzlygy alynamdyk gyz bilen gyzlygyny alman jyns aragatnashygyny edip nbolarmy???
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele