Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy WARIKOSELE KESELINIŇ GAÝRAÜZÜLMELERI
( 12 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meniň çagalarym bar. Özüm 30 ýaşymda. Meniň warikosele keselim bar. Çep tarapymda ýumurtgam juda kiçi. Geljekde warikosele keseliniň jynsy gurbatymyň peselmegine we buşukmagymyň kynlaşdyrmagyna getirmegi mümkinmi?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Warikosele keseliniň gaýraüzülmesi höküminde önelgesizlik, ýumurtgajyklaryň kiçelmegi ýaly ýagdaýlary belläp bolar. Geljekde bu kesel buşukmanyň kynlaşmagyna getirmese hem, ýumurtgajyklaryň kiçelmegi (atrofiýasy) netijesinde erkeklik gormonynyň işlenilip çykmagynyň peselmegine we jynsy isleginiň üýtgemeginiň sebäbi bolup biler. 30 ýaşda bolsa ýumutgajyklaryň sagdynlygyny saklama örän wajyp bolup durýandyr. Bu babatda urolog lukmanynyň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Warikosele barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Warikosele: sebäpleri, alamatlary, gaýraüzülmeleri we bejergisi" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Eziz 2016-10-20 20:02
SalAm
Sitata
 
 
#4 Eziz 2016-10-20 20:01
salam hormatly lukman menin ichim ajyksa.ya da ach bolup bir at iysem.ichim jugurdayar ozem her hili ses chykyar gagirsem hem oran gaty gagiryan nameden bolup biler on gelmintoz keselinin bardygyny anyklap bejergi alypdym ichimin jugurdamasyny ayryp bolyarmy bolyan bolsa.maslahat berayseniz hayysh
Sitata
 
 
#3 Eziz 2016-10-20 19:28
Salam lukman men hazir 17 yashymda 16 yashymda warikoselden chep tarap yumurtgamy operasiya etdirdim operasiyadan son chep yumurtgam onkusinden ulaldy sag yumurtgadan hazir hem uly ozem chep yumurtga yumurtga haltajygynyn ichinde erkin bosh duran yaly onun zyyany barmyka name un chep yumurtga sagdan uluka kyn gorman jogap yazaysanyz
Sitata
 
 
#2 Nazar 2016-09-06 15:57
Lukman siziñ aýdýan alamatlaryñyz mende-de bar.özem çep ýumurtgamda damary giñelýär, öñki duršundan üýtgešik dur. Bu basga kesel hem bolup bilermikä. Lukmana barlatdym sowuklapdyr diýdi we sigma dermanyny hem-de kamfora ýapgysyny etmegimi tabšyrdy! meniñ keselim warikosele keselimikä ýa da sowukladymyka? Jogap yazmagynyzy hays edyarin?
Sitata
 
 
#1 ajtpgm 2015-03-23 21:59
Salam, hormatly lukman. Men 27 ýaşymda, masgalaly, 2 çagañ atasy. Üç hepde mundan öñräk ujydymyñ kellesine golaý ýerde, ujydyñ sütüniniñ çep aşak tarapynda kiçijik düwün emele geldi. Togalajyk düwün, içinde digir-digir ownuk damar bardygy bildirip duran çiş. Diýametri 0,5 sm töweregi bar. Damar çişmesidigi bildirip dur. Ýyldyzjyk ýaly. Hiç hili agyrysy ýok. Ujydym asuda wagty elläniñde eliñe bildirýär, ýumşak, birhili damar düwlen ýaly. Ereksiýa mahaly bolsa mese-mälim bildirip, göze görnüp durýar we gataýar. Belki, bir fiziki agram sebäpli boldy, ýa-da ýürek bulanmada ögänimde agram düsdi, ýa-da jyns gatnasygyñ dowamynda ereksiýa mahaly gañryldy - bilmedim. Ýöne damardygy bildirýär. Jyns organyñ wena gan damarynyñ warikoz giñelmesimikä bu? Eger şeýle zat bolýan bolsa, munuñ nähili bejergisi bar? Maz, derman kömek edermi damar çişmesiniñ aýrylmagyna? Meselem, geparin mazy? Asgabat şäherinde haýsy lukmana ýüz tutmak üçin haýsy ýere barmak bolar? (Men bir gezegem weneriki keseller bilen keselläp göremok, bitertip jyns gatnaşyklara hem baş goşamok, jyns gatnasyklarynda hiç hili problemam ýok).
Sag boluñ!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele