Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy JYNSY ISLEGIŇ BOLMAZLYGYNYŇ SEBÄBI
( 9 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men 19 yaşymdaky oglan. Ýumurtgajyklara alnan şikeslenmeden soň meniň jynsy höwesim peseldi. Men özümi ýigrenip başladym. Meniň üçin durmuşyň manysy gaçdy. Şunuň bejergisi barmyka we men nirede bejergi alyp bilerin? Maňa bu kynçylykdan çykmaga sizin kömegiňiz gerek.

Saýtyň okyjysy Serik.

 

Hormatly Serik!

Ýumurtgajyklara alnan islendik şikeslenme lukmana ýüz tutmaga görkezme bolup durýandyr. Siziň alan şikeslenmäňiziň görnüşini we getirip biljek gaýraüzülmelerini dine lukmanyň barlagyndan we ýumurtga haltajygynyň USB-dan soň kesgitläp bolar. Ýumurtgajyklaryň şikeslenmegi bedende erkeklik gormony bolan testosteronyň derejesini peseldip, jynsy islegiň peselmeginiň sebäbi bolup biler. Ruhdan düşmän we wagt ýitirmän lukmana ýüz tutuň. Barlag we bejergi üçin siz S. Niýazow adyndaky bejeriş we maslahat beriş merkeziniň urologiýa bölümine ýa-da bejeriş merkezleriň androlog lukmanlaryna ýüzlenip bilersiňiz. Size bu kynçylykdan çalt çykmagy we sagalmagy arzuw edýärin!

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele