Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy ERKEKLIK JYNS MÄZINIŇ NÄSAZLYKLARY
( 11 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Özüm 65 yaşymda. Meni gündüzlerine peşewiň hayal bölünip çykmagy, gijelerine bolsa bu ýagdaýyň has hem haýallamagy ynjalykdan gaçyrýar. Bu nämänin alamatyka we ony nahili bejermelikä? Operasiya etman bejerip bolarmy?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Peşewiň haýal bölünip çykmagy erkeklik jyns mäziniň adenomasy (howply däl döreme) hem-de bu mäzde ýüze çykýan sowuklama hadysalaryna (prostatit) mahsus alamat bolup, şeýle ýagdaýlarda ýygy-ýygydan, esasan hem gije buşukma, gasyklarda, ýamyzda döreýän agyrylar, jynsy gatnaşykdan soň döreýän sanjylar ýaly alamatlar hem ýüze çykyp bilýändir. Sizi biynjalyk edýän alamatyň sebäbini anyklamak maksady bilen urolog lukmanyna ýüz tutup, degişli barlaglary (göni içegeden barlama, ýokançlyklara barlag, mäziň USB-gy) geçmek zerurlygy ýüze çykýar. Erkeklik jyns mäziniň adenomasynyň irki tapgyrlary derman serişdeleri bilen bejergini, ötüşen ýagdaýda hirurgiki bejergini talap edýän bolsa, bu mäziň sowuklamasy ýokançlyklara garşy dermanlaryň ulanylmagy üçin görkezme bolup durýandyr. Lukmana özwagtynda ýüz tutulmagynyň bolup biljek gaýraüzülmeleriň öňüni alyp biljekdigini ýatladasym gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 adam 2014-07-21 23:02
Sorag beren adama šeÿle jogap berjek. Rentgen endovaskuliar usuly arkaly operasiya etmän mszi kiceldip bolÿar. We seylelik bilen pešew adaty yagdayda bolunip cykyar we jynsy howesin hem dikelyar. Gerek bolsa men salgy bereyin.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele