Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy KRIPTORHIZM WE ÖNELGELILIK
( 9 Ses Berme )

Salam hormatly Lukman! Meniň 23 ýaşymyń içinde sag taraplaýyn kriptorhizm sebäpli operasiýa edilip, sag ýumurtgam ýerine düşürildi. Men häzir 32 ýaşymy dolduryp barýan. Öýlenenime 7 ýyl dolup barýar ýöne entegem çaga galanok. Men welaýatymyzdaky lukmanlara barlaga baranymda, olar meniñ dölümde hiç-hili tohumyñ ýokdugyny aýtdylar we bejergi berip başladylar. Men ep-esli wagtlap olaryñ bejergilerini aldym. Olar iñ soñunda bejergini tamamladylar we menden hiç wagt çaga önmejekdigini aýtdylar. Men birnäçe wagtlap gamgyn halda ýaşadym we soñra paýtagtymyza gidip görmegi ýüregime düwdüm. Paýtagtymyzdaky lukman maña bu derdi bejerip bolýandygyny aýtdy we täzeden (öñkä meñzemeýän) bejergi berip başlady. Men ep-esli wagt gatnap bejergi aldym we häzir hem bejergim tamamlananok. Ýöne häzirki wagtda men käbir sebäplere görä bejergi almaga baryp bilemok. Men bu ýagdaýa gaty gynanýan we ilkinji mümkinçilik tapan badyma paýtagtymyza ugrajak. Meniñ sizden sorajak soragym: meniñ ýagdaýymdaky adamyñ sagalyp gitmeginiñ ähtimallygy nähili?

Saýtyň okyjysy, Mätäji.

Hormatly Mätäji!

Elbetde, bejergi tapgyrlaryny (siz nähili serişdeleri alandygyňyzy beýan etmeýärsiňiz) alyp, ýumurtgajyklarda erkeklik öýjükleriniň emele gelmegini tijendirmäge synanyşmak zerurdyr. Oglanjyklarda ýerine düşmedik ýumurtgajyklara operatiw bejergini ömrüniň birinji 12-18 aýynyň dowamynda (soňky möhlet-2 ýaşa çenli) geçirmek zerur we peýdaly hasaplanýar. Şeýle möhletde geçirilen operatiw bejergi önelgelilik ukybynyň 90%-niň saklanyp galmagyny üpjün edýär. Bejerginiň gijikdirilmegi önelgelilik ukybynyň peselme ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Degişli bejergi tapgyry alnyp bolnandan soň, dölüň barlagyny geçirip, bejerginiň netijeleri babatda gaýtadan lukmanyň maslahatyny almak zerurdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Lekar 2014-03-12 01:31
Dogabitdi bir taraplaýyn Kriptorhizmiň operasiýa edileninden soň,goý shol tarapky yumurtga kadaly ýagdaýda ösmän,funksiýasyny ýitiräýsin,beýleki tarapky yumurtganyn hasabyna spermatozoidler(jyns öýjügi)emele geläýmeli.Mesele bu ýerde çep tarapky yumurtgadadyr.Mümkin onyň hem ýetmezçilikleri bardyr.A ol meseläni ýüz tutan lukmanyňyz bilýändir,belki.Tanyşlarym bar,hut shu keseli başdan geçiren,tüweleme maşgalaly,çagaly.Mätäji,Sizede kaka bolmak bagty nesip etsin,bejergini sypdyrmaň,soňuna çenli göreşiň,netijesini görüň!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele