Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy V-PILL DERMANY BARADA BILESIM GELÝÄR
( 10 Ses Berme )

 

Salam hormatly lukman! Men 25 ýaşymda, ýöne meniň ujydymyň örän kiçiligi meni uly alada goýýar. Ujydyň uly ýa-da kiçi bolmagynyň geljekde çaga ýasamakda täsiri barmy? Jynsy gatnaşygyň dowamlylygy hem 1 minuda ýetmeýär. Men V-pill dermanyny ulansam peýdasy degermi? Şu derman barada maglumat berseňiz, meni uly aladadan dyndyrdygyňyz bolardy.

Saýtyň okyjysy, Akmyrat.

 

Hormatly Akmyrat!

Sizi gyzyklandyrýan V-pill derman serişdesi derman söwdasy bazarynda VigRХ PLUS ady bilen hem belli bolup, onuň düzümine erkeklik jynsy işjeňligine täsir edýän 8 sany ösümligiň goýy gaýnatmasy goşulandyr. Bu derman 1 gerdejikden günde 2 gezek kabul edilip, ony bu tertipde 3 aý içmek maslahat berilýär. Derman ujydyň uzynlygyna we ýogynlygyna ösmegini gazanmaga, jynsy islegiň ýokarlanyp, ujydyň galýan wagtynyň (ereksiýa) dowamlylygyny uzaltmaga kömek edýändir.

Bu derman serişdesi ösümliklerden taýynlanan bolup, ony ulanmaga garşy görkezmeler ýokdur. Ýöne ony bagryň keselleri bolan adamlara seresaplylyk bilen kabul etmek maslahat berilýändir.

Çaga etmek meselesinde ujydyň ululygynyň hiç hili täsiriniň ýoklugyny, bu hadysada tohum öýjükleriniň hil we mukdar taýdan kadalygynyň esasy orun tutýandygyny ýatladasym gelýär. Ir bolup geçýän eýakulýasiýa (dölüň zyňylmagy) babatda anyk sebäpleri ýüze çykarmak üçin androlog lukmanyň maslahatyny almak netijeli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#17 Мехраб 2017-04-17 10:37
Jynsy organym kiçirak ulaltmak barada näme etse bolar nähili derman mazlary ulanmaklygy maslahat berýäňiz nädip su gaýgydan gutulyp bilerin. Lukman maňa komek edäýiň !
Sitata
 
 
#16 mekan 2016-12-16 17:28
Titan geli nirden tapyp bolar basga name peydaly ulaltmaga aydayyn
Sitata
 
 
#15 okujy 2016-07-08 13:54
Gerekmejek yerde yerliksiz gurleyanlere respect
Sitata
 
 
#14 Synçy. 2016-07-08 09:02
Betje gaty dogry belläpsiňiz. Okap soragyna jogap tapmany bilse, onda ol türkmen boljakmy!
Sitata
 
 
#13 Betje 2016-07-08 06:38
Quoting okujy:
Sayt yapyldymykarai lukmanlar jogap yazanok welin.

Her turkmening ujydy diyip ylgap yormane wrachyng wagty yokdur. Anha ulanyanga line diydi, internet diydi, yazda tapda okada. Yada yash samsyk nesil google hem ulanyp bilengzokmy?
Sitata
 
 
#12 okujy 2016-07-07 12:54
Sayt yapyldymykarai lukmanlar jogap yazanok welin.
Sitata
 
 
#11 okujy 2016-07-02 02:13
Quoting okujy:
Ujudy ulaldyan gel(krem) hem bar diyip eshitdim. Yone adynyn namedigini bilemok. Lukman hakykatdanam sheyle zat barmy? Jogap bermeginizi hayysh edyarin.

Shol dermanyn ady titan gel. Shol barada maglumat bermeginizi hayysh edyarin
Sitata
 
 
#10 okujy 2016-06-30 17:01
Hormatly lukman jogap bermeginizi hayysh edyarin.
Sitata
 
 
#9 okujy 2016-06-21 11:20
Ujudy ulaldyan gel(krem) hem bar diyip eshitdim. Yone adynyn namedigini bilemok. Lukman hakykatdanam sheyle zat barmy? Jogap bermeginizi hayysh edyarin.
Sitata
 
 
#8 okyjy 2016-02-06 18:16
Quoting Okyjy.:
6-njy tesbirçi Okyjy! Gyzmaja ekeniň. Gaharyň gelmesin. Gaharlanýan bolsaň burnuňy dişle. Bilmeýän bolsaň, bilýänlerden sora. Köpräk oka! Biljek bol! Halajedeýinligiňi ile beýdip görkezmedä! Emgen. Bizem köp bilýäris diýip biljek däl. Masgara bolman biljek bolup çalyşýarys. Näme, bizde biderek soraglar ýokdur öýdýämiň!

Eger sorag size berlen bolsa jogap berin! Bolmasada gayrat edin burnunyzy sokman.Akyl berjek bolsanyz beyleki ahlaksyz sorag beryanlere berin.
Sitata
 
 
#7 Okyjy. 2016-02-06 02:24
6-njy tesbirçi Okyjy! Gyzmaja ekeniň. Gaharyň gelmesin. Gaharlanýan bolsaň burnuňy dişle. Bilmeýän bolsaň, bilýänlerden sora. Köpräk oka! Biljek bol! Halajedeýinligiňi ile beýdip görkezmedä! Emgen. Bizem köp bilýäris diýip biljek däl. Masgara bolman biljek bolup çalyşýarys. Näme, bizde biderek soraglar ýokdur öýdýämiň!
Sitata
 
 
#6 okyjy 2016-02-06 00:15
Quoting Okyjy.:
Dermanhanalaryň soraga jogap berýän bölüminden haýsy dermanhanada bardygyny bilip bolýara. Näme indi lukman dermanyňam tapyp öýüňe eltip bersinmi! Halys bolmajysy bolaýýarsyňyz. Utanyňa!

Her kimin isine burnumyzy sokmalynla akylyn kan bolsa atana ber
Sitata
 
 
#5 Okyjy. 2016-01-29 01:33
Dermanhanalaryň soraga jogap berýän bölüminden haýsy dermanhanada bardygyny bilip bolýara. Näme indi lukman dermanyňam tapyp öýüňe eltip bersinmi! Halys bolmajysy bolaýýarsyňyz. Utanyňa!
Sitata
 
 
#4 okyjy 2016-01-29 00:12
Hormatly Lukman bu derman Asgabadyn haysy dermanhanalaryndan tapyp boljakdygy barada maglumat berseniz sizden hoşal bolardym!
Soragyma jogap bermeginizi sizden hayyst edyarin
Sitata
 
 
#3 Lukman 2015-03-09 23:55
Begenç!
Bu dermanyň öňden belli bolan Wiagra, Siagra dermanlaryna meňzeş täsirliligi bolup, ulanma sebäbiňize görä lukmanyňyz bilen maslahatlaşma ýa-da dermanyň ulanylmagyna degişli gollanma-kagyzjygy bilen tanyşma möhümdir.
Sitata
 
 
#2 Begench 2015-03-09 11:10
Hormatly lukman! Bu dermany ulanmak ucin lukmanyn maslahatyny almalymy yada adaty oy sertlerinde hem ulanyp bolyarmy?
Sitata
 
 
#1 Okyjy1 2013-11-30 23:04
Täsiri barmyka çyndanam? Asgabatda apteklerde barmy? Ulanyp gören barmy aranyzda.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele