Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy WARIKOSELE: SEBÄPLERI, ALAMATLARY WE BEJERIŞ USULLARYŇ AÝRATYNLYKLARY
( 27 Ses Berme )

Salam hormatly lukman! Men 18 ýaşymda. Maňa lukman warikosele kesel kesgidini goýup, operasiýa etmelidigini aýtdy. Men operasiýa etdirmäge gorkýaryn, maşgalam hem göwnänok. Bu keseli dermanlaryň kömegi bilen bejerip bolmazmy?

Saýtyň okyjysy.

Salam lukman! Men Size şeýle sorag bilen ýüzlenmekçi. Ýakynda mende warikosel keselini anykladylar. Köp ýörämde erkeklik agzalarym agyrýar. Özüm hem entek öýlenmedik. Meniň eşidişime görä, warikosel önelgesizlige getirýämiş. Bu dogrumyka?

Saýtyň okyjysy.

Salam hormatly lukman! Men warikosele sebäpli operasiýa etdirdim. Operasiýadan soň berjaý etmeli düzgünler barada aýdaýsaňyz minnetdar bolardym. Ondan soň näçe wagtlap jynsy gatnaşyklary geçirmeli dälkä?

Saýtyň okyjysy.

<<<>>>

Jemgyýetde saklanyp galan pikire görä, är-aýal önelgesizliginiň esasy günäkäri höküminde aýal maşgalany belläp, erkek adamda ýüze çykyp biljek oňa sebäpkär ýagdaýlar ünsden düşürilýändir. Erkeklik önelgesizliginiň esasynda üç sany kynçylyk ýatýandyr: erkeklik jyns öýjükleriň (spermatozoidleriň) hil taýdan üýtgemegi we mukdarynyň peselmegi, olaryň tohum çykaryjy ýollarda hereketjeňliginiň we daşyna çykarylmagynyň bozulmagydyr. Şeýle kynçylyklar birnäçe sebäplere görä döräp bilse-de, köplenç ýagdaýlarda ol ýumurtgajyklardaky temperaturanyň ýokarlanmagy esasynda, tohum öýjükleriniň zeperlenmegi bilen häsiýetlendirilýän warikosele keseliniň netijesinde ýüze çykýandyr.

Warikosele näme?

Warikosele-ýumurtgajygyň we tohum tanapjygynyň damarlarynyň warikoz giňelmegidir. Bu kesel ganyň yzyna gaýtmagyna päsgelçilik döretmeli damarlaryň gapajyklarynyň (klapan) işlemezligi ýa-da ýaramaz işlemegi netijesinde döreýär. Damarlarda basyş ýokarlananda (adam dik duranda ýa-da bedene fiziki agram salnanda) gan yzyna gaýdyp, ýuwaş-ýuwaşdan wena damarynyň giňelmegine eltýär. Netijede, tohum tanapjygynyň töweregindäki damarlar giňelýär.

Bu ýagdaýyň ýüze çykmagyna, anatomiki aýratynlyklar netijesinde çep böwrek wenasynyň aorta hem-de ýokarky mezenterial (çöz) arteriýasy tarapyndan gysylmagy hem sebäp bolup bilýändir. Şol sebäpden hem, çep taraplaýyn warikosele has ýygy duş gelip, iki taraplaýyn warikosele 20% ýagdaýlarda duş gelse, sag taraplaýyn warikosele duş gelýän ýagdaýlaryň diňe 2%-i düzýändir.

Warikosele agyr keselmi?

Warikosele adam janyna howp salmaýar. Bu kesel bilen ömür boýy ýaşap bolýar. Bu keseliň getirýän erkeklik önelgesizligi we agyrylaryň döremegi ýaly gaýraüzülmeleri esasy kynçylyklar bolup durýandyr.

Warikosele nädip önelgesizlige getirýär?

Suwuklygyň gysylmaýandygy mälim zat. Şol sebäpli hem, ganyň yzyna gaýtmagy netijesinde döreýän basyş ähli ugurlara ýaýraýar. Basyşyň netijesinde damarlar ulalyp, süýnýärler. Adamyň damarlarynyň diwarlarynyň berkligine we onuň damar basyşyna baglylykda, wenalaryň ulalmagy dürli derejelere ýetip bilýär. Ýumurtgajygyň töweregindäki damar tory ulalyp gidýär we köplenç ýumurtgajyk wena damarlaryndan ybarat özeniň (gubka) içine çümen ýaly bolýar. Şeýle gan "ýassyjagy" tohum haltajygyndaky ýylylyk çalşygynyň bozulmagyna getirýär. Netijede, ýumurtgajyk sowamagyny bes edýär. Şonuň netijesinde, spermatozoidleriň işlenip çykmagy üçin zerur bolan pes temperaturanyň saklanylmaýandygy sebäpli, erkeklik öýjükleriniň kadaly emele gelme hadysasy bozulýar. Hut şu sebäpli warikosele erkeklik önelgesizliginiň esasy faktorlarynyň biri bolup durýar.

Esasy mehanizme baglylykda, warikoselede önelgesizlik birnäçe sebäplere görä döräp biler:

1. Tohum haltajygyndaky temperaturanyň bedeniň temperaturasynyň derejesine ýetmegi.

2. Böwreklerden, böwreküsti mäzlerden biologiki işjeň maddalaryň ýumurtgajyklara düşmegi.

3. Ýumurtgajygyň gan aýlanşygynyň bozulmagy.

4. Ýumurtgajygyň dokumalarynda ýygnanýan we olary şikeslendirýän erkin radikallaryň täsiri.

Bu kesel ýygy duş gelýärmi?

Warikosele iň ýygy duş gelýän keselleriň biri bolup, ol erkekleriň 10-15 %-de duş gelýändir. Önelgesizlikden ejir çekýän erkek adamlaryň 40%-de warikosele keseli anyklanylsa, ozal çagasy bolup, häzir önelgesiz erkek adamlaryň 70%-de bu kesel kesgitlenýändir.

Warikosele keseliniň ýüze çykyşy.

Bu kesel köplenç, jynsy ýetişigi döwründe başlanýar. Ol hiç bir alamatsyz hem bolup bilýär. Şonda warikosele lukmançylyk barlaglarynyň netijesinde ýüze çykarylýar.

Warikosele käwagt ýumurtgajygyň töweregindäki agyrylaryň döremegi ýaly alamat bilen biynjalyk edip biler. Agyry güýçli däl-de, dartýan, çekýän häsiýetli bolýar. Agyry damar çyrmaşygynyň diwaryna gan basyşynyň täsir etmegi netijesinde döreýär. Adam dik duranda ýa-da özüne fiziki agram salanda, damar basyşy ýokarlanyp, agyry has güýjeýär.

Warikosele keseliniň anyklanylşy we bejergisi.

Ýumurtga haltajygyň wena damarlarynyň giňelmesini barlag wagtynda lukman kesgitläp bilýändir. Wena üýtgemeleriň irki tapgyrlarynda ýumurtga haltajygyň ultrases barlagy we dopplerografiýa barlagy, keseli kesgitlemekde lukmana kömege gelip biler. Barlagdan anyk maglumatlary almak üçin, olar näsagyň dik duran we ýatan ýagdaýynda hem geçirilmelidir.

Hirurgiki operasiýalaryň görkezilen görnüşini ulanma, keseliň netijeli bejergisi bolup durýandyr. Ýöne keseliň howpsuz bolup, alamatsyz geçýändigi sebäpli, onuň uly erkek adamlarda kesgitlenmeginiň hem operatiw bejergi üçin görkezme bolup durmaýandygyny bellemelidir. Ýumurtgajyklarda agyrylaryň döremegi, ýumurtga haltajygyň daşky görnüşiniň üýtgemegi, erkeklik öýjükleriniň hil we mukdar taýdan pesligi netijesinde önelgesizligiň emele gelmegi, operatiw bejergini geçirmek üçin görkezme bolup durýandyr. Oňa garamazdan, köp hünärmenleriň pikirine görä, ýüze çykyp biljek önelgesizligiň öňüni almak üçin, çagalarda we ýetginjeklerde döreýän warikosele keselinde hirurgiki bejergini ulanma wajyp bolup durýandyr.

Häzirki amaly lukmançylykda operatiw bejerginiň 4 esasy usulyny ulanýarlar:

Operasiýanyň açyk usuly (Iwanissewiç boýunça).

Bu usulyň kömegi bilen ýumutgajyklaryň wenalary gasyk kanalynyň içki halkajygynyň derejesinden ýokarda daňylýandyr. Deri we derasty ýag gatlagy kesilenden soň, siňir we myşsa gatlaklary süýşürilip, ýumurtgajyklaryň wenalary tapylyp, daňylýandyr.

Kiçi kesikden geçirilýän Marmaryň operasiýasy.

Operasiýa ujydyň düýbünden 1 sm. aralyga süýşüp, daşky gasyk halkajygynyň proýeksiýasynda edilýän kesik arkaly geçirilýär. Deri we derasty ýag gatlagy kesilenden soň, tohum tanapjygy tapylyp, onuň wenalary daňylýandyr. Ondan soň, ýumurtgajyklardan gaýdýan gan üstleýin ýerleşýän wenalar arkaly çykarylýandyr.

Laproskopiki operasiýa.

Hirurgiýada geçirilýän täze usul bolup, ony geçirmek üçin garnyň öňki diwarynda 3 sany, diametri 5 mm. bolan deşijekler edilýändir. Birinji deşijekden hirurg wideomonitor bilen birleşdirilen kiçijik telekamerany salýar. Monitoryň kömegi bilen hirurg operasion meýdançada nämeleriň bolup geçýändigini görmäge mümkinçilik alýar. Iki sany beýleki deşijekden kiçijik gysyçlar we gaýçylar salynýar. Operasion meýdançanyň ulaldylyp görkezilýändigi sebäpli, hirurg wenany aňsatlyk bilen tapyp, ony hirurgiki sapaklar bilen ýa-da ýörite titan simlerini goýup daňýandyr. Operasiýa 20-30 min. dowam edýär.

Ýumurtgajygy öňki gan aýlanşygyndan mahrum edýän mikrohirurgiki operasiýa.

Operasiýa ýumurtgajygyň kadaly gan aýlanşygyny dikeltmäge kömek edýär. Bu ýagdaý ýumurtgajygyň wenasynyň garyn üsti wenasyna oturdylmagy arkaly gazanylyp, wena ganynyň kadaly çykarylmagyna şert döredýändir.

Operasiýadan soňky dikeldiş döwri 1 aýa golaý dowam edip, şol möhletiň içinde näsag özüne fiziki agram salmakdan, sport bilen meşgullanmakdan saklanmalydyr. Şeýle-de şonça wagt duzly, ýiti, ajy iýmiti kabul etmekden we jynsy gatnaşyklardan wagtlaýyn saklanma maslahat berilýär.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#31 Wepa 2016-11-27 20:52
Salam lukman men warikoselden operasiya bolanyma 1,5 yyl boldy yene—de cep yumurtgamda damarlar bar yone hic yerim agyrmaya dine ujydym ka wagtlar kicelip galya. Warikosel keseline agyr zatlar gotermek sebap bolup bilermi.
Sitata
 
 
#30 Administrator 2016-01-20 01:33
Quoting Baýram:
Mümkin bolsa jogabynyza garaşýan hormatly lukman!


Salam! Lukmanlarymyzyň ählisi işden boş wagtlary saýtymyz bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Soragyňyza çalt jogap almak üçin öz maşgala lukmanyňyza ýuzlenmegiňizi maslahat berýäris. Saýtda 'gözleg" diýp ýazylan ýere ýazyp isleýan temalaryňyzy gözlap, olary tapyp okap bilersiňiz.

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.
Sitata
 
 
#29 Baýram 2016-01-19 20:08
Mümkin bolsa jogabynyza garaşýan hormatly lukman!
Sitata
 
 
#28 Baýram 2016-01-19 14:36
Salam lukman! Mende warokesel bardy ony aparasiya etdirdim. Aparasyadan 2 gün son cep gapdalky ýumurtgam öñ ýagdaýyndan aşak sallandy munyñ zyýany barmy? Name sebäpden boldyka? Sabyrsyzlyk bilen jogabynyza garaşýan!
Sitata
 
 
#27 Yhlas 2015-07-28 11:46
Jogabynyza garasyan lukman
Sitata
 
 
#26 Yhlas 2015-07-22 14:27
Salam Lukman men 18 ýašymda.mende bir ýyl bäri çep tarapymda warikosel bar lukmana görkezdim Nošpa we Sigma atly tabletkalary birem kompres yagyny yazyp berdi.Menem sol dermanlary alyp wagtly wagtynda icdim kompresem yapdym yaman gowy peyda etdi agyrydan nan nysan galmady.Ýöne ujudumyñ 2 santimetr yokarsynda cep tarapda birhili damar cišen yaly kicijik çiš bar özem elleseñ agyrtyar.Bu nämäniñ alamatyka Lukman jogabynyza sabyrsyzlyk bilen garasyan.
Sitata
 
 
#25 Lukman 2015-07-22 02:25
Gadam!
Warikosele keseliniň özi ýumurtgajyklaryň işine täsir edip, testosteron erkeklik gormonynyň derejesini peseldip bilýändir. Bu gormonyň bolsa erkeklik jyns agzalarynyň ösmegi we kadaly işlemegi üçin täsiri ulydyr.Eger Sizde warikosele keseli jynsy kämilleşme döwründen soň dörän bolsa, ujydyň ululygyna täsir edip bilmez.Şu sorag babatda we geljekde önelgesizlik kynçylygyny aradan aýyrmak maksady bilen warikosele keseliniň bejergisini geçirmek üçin urolog lukmanyna ýüz tutmak dogry bolar.
Sitata
 
 
#24 Gadam 2015-07-21 10:21
Kyn gorman jogap yazayyn
Sitata
 
 
#23 Gadam 2015-07-20 18:04
Hormatly Lukman sizden yekeje sorag warikosel keseli ujudyñ ösmegine päsgelçilik döredip bilermi.Mende çep tarapymda warikosel bar birhili ujudym sag tarapa gyšaran ýaly.soragymyñ düýp manysy warikosel keseliniñ ujudyñ ösmegine täsiri barmy?.jogabynyza sabyrsyzlyk bilen garasyan.
Sitata
 
 
#22 Lukman 2015-07-11 02:44
Murik!
Operasiýalaryň bahasy olaryň görnüşine, oňa taýynlyk döwri geçirilmeli barlaglaryň mukdaryna, operasiýadan soňky dikeldiş döwrüniň geçişine we ýüzlenen bejeriş edaraňyzyň derejesine baglylykda tapawutlanyp biler.Anyk jogaby bilmek üçin ýüzlenjek bejeriş edaraňyzyň hasaplaşyk bölümine ýüz tutmak ýerlikli bolar.
Sitata
 
 
#21 Murik 2015-07-10 23:52
Kyn gorman jogap yazayyn
Sitata
 
 
#20 Murik 2015-07-10 00:29
Jogabynyza garasyan
Sitata
 
 
#19 Murik 2015-07-10 00:28
hormatly lukman sizden yekeje sorag kyn gorman jogap yazaýyñ.Operasiýalaryñ ortaça bahasy näçe bolup biler.
Sitata
 
 
#18 Ezizmyrat 2015-04-20 07:51
Sogbolun Lukman janynyz sag bolsun gorjeginiz gowluk bolsun isinizde ustunlik arzuw edyan
Sitata
 
 
#17 Lukman 2015-04-18 01:37
Ezizmyrat!
Bejergi usullarynyň netijeliligi, elbetde keseliň ýüze çykyş derejesine, ýüz tutan keselhanaňyzyň bejeriş düzgünleriniň aýratynlyklaryna bagly bolup durýandyr.Ýöne sanalyp geçilen usullaryň içinde netijeliligi, keseliň gaýtalanma ähtimallygynyň pesligi we kosmetiki taýdan oňaýlylygy babatda Marmaryň usuly has netijeli bolup durýandyr.
Sitata
 
 
#16 Ezizmyrat 2015-04-17 13:02
Jogabynyza garasyan
Sitata
 
 
#15 Ezizmyrat 2015-04-12 18:29
Hormatly Lukman menin size bir soragym bar operasiyanyn giñan damary kesip ayyrmak ya da dañmak ya da derman goyberip guratmak ya da damar birlesmesi bulañ haysysy gowy netije bererka. Jogabynyza sabyrsyzlyk bilen garasyan
Sitata
 
 
#14 Ýigit. 2015-04-12 01:17
Hormatly Lukman! Siziň ýazyşyňyza görä bu kesel damarlaryň gapajyklarynyň (klapan) işlemezligi ýa-da ýaramaz işlemegi netijesinde döreýändigini ýaňzydypsyňyz weli onuň ýüze çykmagy dogabitdi anomaliýa ýaly bir zada meňzeýär.
Sitata
 
 
#13 Lukman 2015-04-05 00:37
Ezizmyrat!
Keseliň täzeden gaýtalanma ähtimallygy operatiw bejergi usulynyň görnüşine, keseliň geçiş ýagdaýyna we derejesine baglydyr. Sagalma üstünligini gazanma ýygylygy kesgitlenende, laporoskopiki usul 85%, adaty geçirilýän operasiýalar (Iwanissewiça boýunça hem) 50%, mikrohirurgiki usul bolsa 95% görkezijini düzýändir.Ýöne netijeli mikrohirurgiki usulyň bahasynyň hem ýokarydygyny bellemelidir. Netijeli boljak bejergi usuly diňe barlaglardan soň kesgitlenip bilner.
Sitata
 
 
#12 Ezizmyrat 2015-04-03 18:26
Jogabynyza garasyan.
Sitata
 
 
#11 Ezizmyrat 2015-04-02 19:11
Yenede bir sorag kyn görmeseniz jogap berayin.warikosel keselini haysy operasiya gornusini geçirsen gowy bolarka.jogabynyza sabyrsyzlyk bilen garasyan
Sitata
 
 
#10 Ezizmyrat 2015-04-02 18:02
Salam lukman menin size bir soragym bar.warikosel keseli operasiya gecirilenden son doly ayrylyarmyka.ya ikilenc hem gaytalanyp bilermika.soragymyn esasy sebabi operasiyadan son doly sagalyp bolarmyka.sizin jogabynyza sabyrsyzlyk bilen garasyan.
Sitata
 
 
#9 Töre. 2015-04-01 00:09
Ýaş oglanlar köplenç kesellän hem bosalar ol kesel hakynda arz hem etmeýärler. Ony diňe lukman barlaglary wagtynda bilip galýarlar. Ýazylyşyna görä çylşyrymly kesel ekeni.
Sitata
 
 
#8 Oglan. 2015-03-11 20:04
Ýaş oglanlar üçin howply kesel ekeni. Önelgesizlige getirýän bolsa onda gaýragoýulmasyz operasiýa edilse gowy bolardy.
Sitata
 
 
#7 Balta. 2015-02-28 00:58
Öňler bu kesel hakynda zat eşitmesekde, ýöne soňky wagtlarda eşidişimize görä ol kesel 14-17 ýaşdaky ýaş oglanlarda köp duşýar. Anyk sebäbini bilmek ýerlikli bolardy.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele