Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy ÇALT GEÇÝÄN JYNSY GATNAŞYK
( 25 Ses Berme )

 

Salam hormatly lukman!

Men birinji gezek jynsy gatnaşyk edemde ol örän çalt bolup geçýär. Bu ýagdaý bolsa ýoldaşymyň  menden  kanagatlanmazlygynyň sebäbi bolýar. Jynsy gatnaşygyň arakesmesiz dowam edilmegini üpjün edýän ýörite dermanlaryň bardygyny eşitdik. Bu dermanlar zyýanlymyka? Biziň dermanhanalarymyzda satylýan  derman serişdeleriň atlary we kabul ediliş düzgünleri barada maslahat beräýseňiz.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Jynsy gatnaşygy onuň geçiş ýygylygyny köpeldip ýa-da  ünsüňi döli dökmede däl-de, başga pikirlerde jemleme, prezerwatiw geýme ýaly çäreleriň kömegi bilen uzaldyp bolar. Bu ýagdaýlaryň siz üçin oňaýsyz bolan halatlarynda, derman senagaty ujyda ganyň köp mukdarynyň inip saklanmagyny üpjün edýän serişdeleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär. Biziň dermanhanalarymyzda  bu meseläni çözmek üçin wiagra, siagra, sialis, lewitra, danoksetin serişdeleri satylýandyr. Bu dermanlaryň 1 gerdejigini garaşylýan jynsy gatnaşykdan 1-2 sagat öň kabul etmek maslahat berilýändir. Dermany öndürijiler serişdeleri aýda 4-5 gezekden ýygy ulanmakdan saklanmalydygyny ündeýärler. Bu serişdeler diňe bar bolan oňaýsyzlygy aradan aýryp, onuň bolup biljek sebäbine täsir edip bilmeýärler. Çynlakaý ýagdaýlarda doly barlag çärelerini geçmek üçin androlog lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolýar. Şu mesele babatda peýdaly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gatnaşyklary "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makala bilen tanyşmagyňyzy  maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Dowlet 2016-05-03 13:06
salam lukman ayalymyn ganynda iki sany guycli virus bar eken ol vieuslar nadip dorap bilyarka namanin esasynda bolyarka we olary nadip yok edip bolarka shol virus zerarly taze dogulan cagajygym ayryldy mumkin bolsa maslahat berayin .hayysht.
Sitata
 
 
#2 Hydyr aydow 2014-06-03 22:41
Salam lukman!menin ya$ wagtym gözüm gowu göryedi emma 16 ya$ymdan soñ gözümin zrenyesi peselip ba$lady $uwagtam $eyle näme etsem gowula$arka kömek edin sizden hay$ etyen!!!
Sitata
 
 
#1 Hydyr aydow 2014-06-03 22:33
Salam lukman! Menin size beren soragyma jogap gelenak
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele