Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy KEÇIBOÝNUZ DIÝEN ÖSÜMLIK TÜRKMENISTANDA ÖSÝÄRMI?
( 6 Ses Berme )

 

Salam, hormatly lukman! Meniň çagam bolanok, 3 gezek urolog lukmanyñ maslahaty boýunça bejergi aldym. Her gezek döl  2%-3% üýtgeýär. Türk teleýaýlymlaryndan keçiboýnuz diýen (bag) ösümlik döl üçin peýdaly diýip görkezýarler. Biziñ ýurdumyzda şeýle ösümlik barmyka? Dölüň hilini gowulandyrýan başga ösümlikler-de barmyka? Jogabyňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Sizi gyzyklandyrýan keçiboýuz ösümliginiň Türkmenistanda ösýänligi barada maglumat ýok. Türkmenistanda ösýän  jerebaý oty, ženşen ösümliginiň köki, itburnyň miweleri döli hil taýdan kadalaşdyryp, erkeklik öýjükleriniň ýeterlik mukdarynyň işläp çykmagyny gazanmaga kömek edip bilerler. Lukmançylyk edebiýatynda, bu maksat üçin bal arylarynyň işläp çykarýan dürli önümleriniň (rusça: маточное молочко, arybalynyň mumy (rusça: соты, пчелиный хлеб)  we ary zäheriniň peýdalylygy barada maglumat bardyr. Ondan başga-da, ösümlikden taýynlanan (Tribulus terestis oty) Tribestan derman serişdesi hem ýumurtgajygyň işini tijendirmekde peýdaly netijeleri berýär.

Bu maksat üçin  bedene dürli taraplaýyn täsir edýän sülükler (piýawki) bilen hem bejergi geçirýärler.

Dölüň düzüminiň beloga baýlygyny göz öňüne tutup, beloga baý önümleri (et, balyk, deňiz onümleri) kabul etmek hem maslahat berlip bilner. Şeýle-de, bedeni belok we peýdaly aminoturşulyklar bilen baýlaşdyrmak üçin sport dükanlarynda satylýan belokly içgileri kabul (belli bir mukdarda) etmek hem peýdaly bolup bilýändir. Bejergide witamin we mineral (esasan hem sink we selen) serişdeleri hem yatdan çykarmaly däldir.

Ýokarda bellenen serişdeleri esasy bejergä goşmaça täsirler hökmüinde, lukmanyň maslahatyndan soň kabul etmek dogry bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele