Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy JYNSY GOWŞAKLYK
( 10 Ses Berme )

 

 

Salam, Lukman! Men bir kärhanada yükçi bolup işleýän. Her gün diýen ýaly agyr zatlary götermeli bolýar. Şol agyr ýükleri götermegim jynsy gowşaklyga getirip bilermi? Özüm entek yaş, 22 yaşymda. Ereksiýa giç bolýar we önler 3-4 minutdan "dökýän" bolsam, indi 7-8 minutdan "dökýän".

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Aşa fiziki agramlylyk, ýadawlylyk jynsy gowşaklyga getirip biler. Siziň beýan edýän ýagdaýyňyzda eýakulýasiýanyň (döli dökmäniň) wagtynyň uzalmagy Sizi we gelniňizi oňaýsyzlyga getirýärmi? Jübütleriň islegleri dürli-dürli bolup, kime 2-3 minut ýeterlik bolsa, başga jübütler bu ýagdaýy has uzak wagt dowam etmegini isleýärler. Eger ereksiýa Sizde has giç döräp, eýakulýasiýanyň şeýle dowamlylygy oňaýsyzlyk döredýän bolsa, degişli sebäbi anyklamak üçin androlog lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Oraz 2016-07-25 12:58
Salam lukman men jynsy gatnasyk edemde 1 munda yetman dökýän men name etsem bolmaly sy yaly 2-3 minut wagta çeker
Sitata
 
 
#2 Gurban 2015-04-28 13:05
Lukman name edip bolar
Sitata
 
 
#1 Gurban 2015-04-28 13:00
Men saglygym gowy yonejynsymyn ustinden sinnil yaly gara zat cykya name edip bolar lukman
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele