Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy SEKSUAL GATNAŞYK
( 11 Ses Berme )

 

Salam, hormatly lukman! Men hemişe aýalym bilen düşekde bolamda, 1-nji saparym örän çalt gelýär. 2-nji saparym bolsa wagty bilen bolanok, 1 sagatdan soň bolýar. Meniň seksual işjeňligim adatymy ýa nähili? Eger adaty bolmasa, men näme etmeli? 2-nji sapar bahym turar yaly näme etmeli? Men 24 ýaşymda.

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Siziň beýan edýän ýagdaýlaryňyz seksual işjeňligiňiziň pesligini aňlatmaýar. Jynsy gatnaşyklaryňyzyň arasynda şeýle "fiziologiki säginme", döli dökme ýagdaýyndan soň jynsy gyjyndyrmanyň düýbünden bolmazlyk döwrüniň ýüze çykanlygy bilen düşündirilip, belli wagt aralygyndan soň (şol wagt her erkek adamda biraz tapawutlanýar) ýene ereksiýa ukybynyň döremegi gaýdyp gelýändir.

Şeýle ýagdaý tebigat tarapyndan "oýlanyp tapylandyr". Şeýle aýratynlyk, aýaly tohumlandyrmak üçin kadaly hilli dölüň gerekdigini, yzly-yzyna bolan eýekulýasiýada dölde saklanýan erkeklik öýjükleriniň mukdarynyň azalýandygyny göz öňüne tutýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Guwanc 2014-06-21 23:48
Salam hormatly lukman ! Men 28 yasymda . Jynsy gatnasykda bolamda eyakulyasiyada orgazym duygysy bolya emma pes guycli dal gysgajyk bolyar bu yagday dolin zynylys gowrimine bagly bolyany bilyan bu yagdayy syn edemdede atylyp zynylma yagdayy biraz pes . Bu yagdaylar mende jynsy gowsaklyk bardygny anladyarmy? Bu yagdayym bn tohymlandyrmak mumkinciligim barmy ? Bu yagdayym jynsy gowsaklyga giryan bolsa bejergi un haysy lukmana yuz tutmaly sular barada ginisleyin maglumat berseniz sizden hosal bolardym .
Sitata
 
 
#2 Lukman 2013-01-26 02:44
Hormatly Merdan!
Eýakulýasiýanyň (döli dökmegiň) tizligi babatda seksologiýada belli bir bellenen kesgitlilik ýok.
Belki Siziň ýagdaýyňyzda näsazlyk hem ýokdur? Döli dökmäniň bozulmalarynyň görnüşleri babatda saýtda ýerleşdirilen "Jynsy gatnaşyklary "ajadýan" ýene bir sebäp" atly makaladan degerli maglumaty alyp bilersiňiz. Eger şol bozulmalaryň bir görnüşini özüňize degişli etseňiz, onda Size androlog lukmanynyň maslahatyny almak peýdaly bolar
Sitata
 
 
#1 Merdan 2013-01-20 03:00
Dushnukli: Sagbolun Lukman! Yone mende sorag galdy. Men 1-nji gezegimi bahym dokyanim ucin name etmeli?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele