Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy MENIŇ UJYDYMYŇ IŞJEŇLIGI PESELDI, BU IMPOTENSIÝANYŇ ALAMATYMYKA?
( 6 Ses Berme )

 

 

Salam, eziz lukman! Meniň ujydymyň işjeňligi peseldi. Men öňem birnäçe gezek androlog lukmanyndan bejergi aldym. Bejergiden soňra gowulaşan ýaly bolýar-da,ýene-de beterleýär. Ozal sowukda gasygym agyrýardy, lukmana aýtsam, erkeklik mäzi sowuklapdyr diýdi. Indi sowuk bolsa-da, agyranok, ujydymyň dikelmesi kynlaşdy, gyjynmamam peseldi. Bu impotensiýanyň alamatymyka?

Merdan.

 

Hormatly okyjy!

Siziň beýan edýän alamatlaryňyz erkeklik jyns ulgamynyň sowuklama ýagdaýy netijesinde dörän jynsy gowşaklykdan habar berýär. Belki, bu ýerde psihologiki sebäpler hem bardyr.

Täzeden barlagdan geçip, sebäbi anyklamak we bejergini bellemek üçin androlog lukmanyna ýüz tutmak gerekdir.

Şeýle hem dörän kynçylyk barada doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gowşaklyk" hem-de "Prostatit" atly makalalar bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Lukman 2014-11-13 00:02
Merdan!

Derlegenligiň sebäbini anyklamazdan belli bir maslahat bermek kynçylyk döredip biler.Bu ýagdaýyň sebäpleri we bejergi çäreleri baradaky doly maglumaty, saýtymyzda ýerleşdirilen "Derlemek: fiziologiki ähmiýeti,sebäbi, gigiýeniki çäreleriň görnüşleri" atly makaladan alyp bilersiňiz.
Sitata
 
 
#1 Merdan 2014-11-11 18:46
Hormatly Lukman menin bedenim derleya.Hatda gys aylaram sahel yoresem endamym derlap baslaya,tomus aylara asylam. Su barada maslahat berayseniz.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele