Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy SEKSUALLYK KYNÇYLYGY
( 13 Ses Berme )

 

 

Salam, Lukman! Men gije ýatyrkam döl gelip, mejbury turmaly bolýan (ukudan galýan). Şunuñ alajy barmyka? Gaýrat edip, jogap bermegiňizi haýyş edýärin. Ondan başga-da mende güýçli ereksiýabar. Döl gelmesi barada giñişleýin gürrüň berseňiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Siz näçe ýaşyňyzda? Siz jynsy gatnaşyklary kadaly alyp barýarsyňyzmy? Dölüň gelmegi (eýakulýasiýa) ereksiýadan soň bolup geçýärmi ýa-da özbaşdak hem bolýarmy? Şu soraglary anyklamak anyk jogap bermäge mümkinçilik dörederdi.

Gijelerine eýakulýasiýanyň bolmagy köplenç erotiki düýşleri bilen bagly bolup, (hemişe däl) bu ýagdaý ýetginjeklere, kadaly jynsy gatnaşyklary alyp barmaýan ýaş erkek adamlara mahsusdyr. Bu ýagdaýy lukmançylykda "pollýusiýa" diýip atlandyrýarlar. Ondan başga-da, erkek adamlarda irden, ukudan oýanmazdan öň hem ereksiýa ýagdaýy döräp biler. Bu erotiki düýşler bilen ýa-da peşew haltanyň dolmagy bilen bagly bolup bilýändir. Eger Sizde ereksiýa bir gijäniň dowamynda yzly-yzyna, köpsanly bolýan bolsa, dölüň gelmegi ereksiýasyz bolup geçýän bolsa, onda sebäbini anyklamak üçin seksopatolog lukmanynyň maslahaty zerur bolup biler.

Hormat bilen, Lukman.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Urssem 2017-02-10 09:22
Saglyk baylyk
Sitata
 
 
#1 rasim 2016-02-03 12:47
So zatlan dermanlary yokmy trnowka etyan bolsan name yarys golaylanda jynys ara gatnasyk gecirmek bolanakda su zatlar barada gurrun berseniz
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele