Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy ERKEKLERIŇ EMJEGI NÄME SEBÄPDEN ÇIŞÝÄR?
( 8 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Erkekleriň emjeginiň çişmesi nämedenkä? Meniň emjegim çişi 2 ýyl bäri dur, aýrylanok? Jogap bermegiňizi haýyş edýärin?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Siz öz hatyňyzda ýaşyňyzy görkezmeýärsiňiz. Jynsy taýdan ýetişmeklik bilen häsiýetlendirilýän ýetginjeklik döwründe hem ýigidiň süýt mäzleriniň ulalmagy (ginekomastiýa) bolup geçip, bu ýagdaý kadada iki ýyldan uzak saklanmaly däldir.

Köplenç ginekomastiýa bedende erkeklik gormonlaryň  androgenleriň täsiriniň bozulmagy netijesinde ýüze çykyp biler. Bu ýagdaý ýumurtgajyklaryň sowuklama ýagdaýy, olaryň täze döreme kesellerinde döräp biler.

Erkek bedeninde aýal gormonlary bolan estrogenleriň ýokarlanmagy hem ginekomastiýa getirip, bu ýagdaý ýumurtgajyklaryň jynsy öýjükleriniň we böwregüsti mäziň täze döremelerinde ýüze çykyp biler. Beýnide ýerleşýän gipofiz mäziniň täze döremeleri prolaktin gormonynyň köp işlenilip çykarylmagynyň sebäbi bolup, süýt mäzleriniň ulalmagyna getirip biler. Ondan başga-da, relanium, metildopa, rezerpin, spirinolakton, winkristin, simetidin, mielosan derman serişdeleriniň hem wagtlaýyn ginekomastiýa getirip biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Ginekomastiýanyň bejergisi onuň döremegine sebäp bolan keseliň bejergisine baglydyr. Ýetginjeklik döwründe süýt mäzleriniň ep-esli ulalmagy bolsa, plastiki operasiýany geçirmek zerurlygyny döredýär.

Size barlagdan geçmek üçin endokrinolog lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Okyjy. 2015-04-04 23:43
Saýtda ýazylan dogrumyka diýýärin. Sebäbi ýaş bedende gormonlar bolmasa başga nämeleriň döretjegine akyl ýetirer ýaly däl. Bizde lukmançylygyň onjakly paçarlap barmaýandygy üçin lukmanlarda bejergi geçirýän ýa-da plastika operasiýa ýüz tutýan ýokmyka diýýärin.
Sitata
 
 
#4 Şemsi. 2015-03-14 00:42
Ýaş oglan ulalýar, ýigit çykýar. Bedeniniň özge ýerleri deň sazlaşykly össede emjegi sallanyp durandyr. Bu bolsa sussuňy peseldip ondan dynmak üçin bialaç bolýar.
Sitata
 
 
#3 Ýigit. 2015-03-04 01:01
Men ýaş ata göwüslerimiň çişligi, ulalmagy sebäpli hammama baramda özgelerdenemä weli, aýalymdan hem utanýaryn. Kiçijik çagam ýanymda ýatanda ýalňyşyp emmäme ýapyşarmyka diýip eýmenýärin.
Sitata
 
 
#2 Oglan. 2015-02-22 23:02
Göwüsleriň ulalmagy (genikomastiýa) aýratyn hem ýaş erkekler üçin tagaşyksyz. Oglanyň ýüzüne seretmeseň öňüňde ýaş aýal maşgala duran ýalyla. Soňky döwürde has hem erkeklerde köp duşýan ýaly bolup dur.
Sitata
 
 
#1 Mergen 2015-02-08 21:40
Salam lukman.menin hem emjeklerim cisli.ozum 1991y.d.mana 8klas wagtym yuwaslyk b.n cisdi.su wagtam ayrylanok.12.10.2013de oylendim yone caga bolanok.onun mana zyyany bolup bilermi?mana ginisleyin maslahat berayseniz.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele