Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy UJYDYŇ KADALY UZYNLYGY WE ÝOGYNLYGY NÄÇE BOLMALY?
( 55 Ses Berme )

Salam, hormatly lukman! Ujydyň kadaly uzynlygy we ýogynlygy nähili bolmaly? Onuň uzynlygyny we ýogynlygyny nähili dogry ölçemeli? Dünýä halklaryna, ýasaýan ýeriňe, klimata görä ujydyň ölçegleri tapawut edýärmi? Ujydyň ululygy ýa-da kiçiligi nämelere bagly? Onuň kadadan kiçi bolmagy erkegiň psihikasyna nähili täsir edýär? Ortaça alanyňda aýal üçin, aýalyň orgazmy üçin ujydyň haýsy ölçegde bolmagy iň gowusy (ideal) hasaplanýar we haýsy ölçegde bolmagy ýeterlik (normal) hasaplanýar? Eger ujydyñ uzynlygy ýatgyň boýunjygyna ýetmese, onuň ýeten ýagdaýyndakysyndan lezzeti kem bolarmy (aýal üçin, onuň kanagatlanmagy üçin)? Adatça ujydyň ululygyna ýa-da kiçiligine aýallar nähili baha berýärler? Ýetginjeklik döwründen soň, meselem 25-30 ýaşlarda testosteron gormonynyň organizmdäki möçberiniň ýa-da onuň emeli usulda daşyndan goşmaça kabul edilmeginiň ujydyň ululygyna we beýleki erkeklik sypatlaryna (meselem sakgalyñ gür bolmagyna) täsiri barmy? Degişlilikde şu soraglara giñişleýin jogap berseñiz, örän hoşal bolardyk. Minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Erkegiň ujydynyň ölçegi onuň beden gurluşynyň (konstitusiýasynyň) aýratynlyklaryna, milletine, ýaşaýyş şertlerine, genetiki aýratynlyklaryna baglylykda dürli bolup, bu babatda "kada" diýen düşünjäni ulanmakdan saklanmalydyr.

Seksologlaryň barlaglary, ujydyň asuda ýagdaýda ortaça uzynlygynyň 810,2 sm, has uzynlarynyň bolsa 11,113,0 sm-e deňdigini mälim etdi.

Bu agzanyň kiçi bolmagy erkek adamyny uly alada goýup, ony dürli seksual we psihiki bozulmalara, ruhy gamgynlylyk ýagdaýyna getirip biler.

Aýal jynshanasynyň dürli ölçegdäki ujyda uýgunlaşyp bilme häsiýeti, jynsy gatnaşyklarda dürli ýagdaýlary (poza) ulanma netijesinde duýgurlylygy ýokarlandyrma ýaly ýagdaýlar bu kynçylygy aradan aýryp, tebigatyň bu ugurda paýhasly "hereket edendigini" görkezýär. Ujydy ulaltmak üçin häzirki zaman lukmançylygy erkeklik gormony bilen bejerme, ýörite ekstendor abzallaryny ulanma, dürli plastiki operasiýalary geçirmek usullary ulanýar.

Degişli bejergini doly barlagdan soň lukman bellemelidir we gözegçilik astynda saklamalydyr. Ujydyň ölçeg aýratynlyklary, oňa erkekleriň we aýallaryň garaýşy we şoňa degişli başga köp maglumaty bilmek üçin Size saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýal we erkek seksuallygynyň aýratynlyklary" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#20 Hayys jogap yazyn 2017-06-18 18:03
Men ujydym asuda yagdayynda 10sm ol kadaly yagday yone men ony has ulaltmak isleyan name edip ulaldyp bolarka?
Sitata
 
 
#19 Kerem 2016-11-28 11:44
Salam hormatly lukman,Menin ujydymyñ işleýşinden gownim öran hoş,Yone muna garamazdan ol adatkydan gysga,Asgabat saherinde haysy saglyk merkezine baryp bu barada liceniya ya da degisli maslahat alyp bilerin.Hazirki ösen kosmetelogiki derman,krem serisdelerini nira sargyt edip tapyp bolyarka.
Sitata
 
 
#18 Eziz 2016-10-20 20:55
Salam lukman men 17 yashymda ujydymyn uzynlygy 12 sm ereksiya yagdayynda ini 4 sm. gechen yyl warikoselden operasiya boldum ujydym indi ulalarmyka ya shol durshuna galarmyka hayysh edyan jogap yazmagynyzy
Sitata
 
 
#17 Administrator 2016-09-11 20:09
Quoting Nazar:
Garasyan

Gadyrly Nazar, siz kän soralýan soraglaryň arasynda öz soragyňyzyň jogabyny tapyp bilersiňiz. Munuň üçin saýtdaky "gözlege" gyzyklanýan temaňyzy goýup şu temadan ýazylan hemme jogaplary, makalalary tapyp, okap bilersiňiz.Gynansakda gaýtalanýan soraglara jogap bermäne lukmanlaryň wagty ýok.
Sitata
 
 
#16 Nazar 2016-09-11 00:20
Garasyan
Sitata
 
 
#15 Nazar 2016-09-07 12:34
Jogabyñyza sabyrsyzlyk bilen garašýan!
Sitata
 
 
#14 Nazar 2016-09-06 15:59
Salam Hormatly Lukman! Birhilegirägem welin meniñ size bir soragym bar! Men 18 ýašymda meniñ ujudym ereksiýa wagtynda 11 sm-e ýetýär. Bu kadaly uzynlykmyka? indi meniñ ujudym ösmegini bes etdimika? Meniñ ešidišime görä erkek ujudy 20 ýaša çenli ösmegini dowam etdirýärmišin! sular barada bilýän zatlaryñyzy ýazmagyñyzy haýyš edýärin!
Sitata
 
 
#13 myrat 2015-08-30 15:02
Ujydyn uzynlygy 14sm bu kadalymy
Sitata
 
 
#12 begench 2015-02-26 17:55
Salam hormatly lukman! Meniñ yashym 18. Jynsym erkek. Menin ujudymyn uzynlygy gonelen wagtynda 12sm. Bu kadalymy? Kadaly bolmasa haysy hassahana yuz tutmaly? Jogap bermeginizi sizden hayysh edyarin!
Sitata
 
 
#11 begench 2015-02-15 18:15
Ekstendor abzalyny nireden tapyp bolar
Sitata
 
 
#10 Okyjy. 2015-02-09 22:36
Okyjylar! Saýtyň sahypalaryny açyşdyryp okada öz soragyňa jogap tapmany öwren. Azajak emgenip, wagtyňyzy gysganman, gowy okasaňyz hemme soraglaryňyza jogap bar.
Sitata
 
 
#9 Mergen 2015-02-08 21:59
Menin ujydym passiw wagty 5-6sm.aktiw wagtynda 10-11sm.munun mana we gelnime zyyany bolup bilermi?
Sitata
 
 
#8 Pikirli. 2014-04-07 00:24
7-nji belgide sorag beren saýdyň okyjysy "Senä ýüz berilse ýüzün dişer" diýilenleri boduň. Bagyşla weli senden hem okyjy bolarmy. Başga seni gyzyklandyrýan tema ýokmy? Türkmenler öz "ýokary" intellektual derejäňizi dünýä äşgär etmäňdä. Masgara! Utanyň!
Sitata
 
 
#7 sizin okyjynyz 2014-04-06 22:12
Salam lukman sizden hayys edyan mana su sorajak zadym barada aydayynda erkek ujydyny agyz boslugyna alyan zenanlar bar sol nahili zyyanlym ya zyyansyzmy ayytsanyz hosal bolardym!!!
Sitata
 
 
#6 Meylis Atayew 2014-02-10 00:21
Verygoood
Sitata
 
 
#5 gurban 2014-02-10 00:02
Bolya
Sitata
 
 
#4 Gerçek 2013-10-02 23:12
Berilyän soraglar birine ýarap başga birine ýaraman biler, ýöne bu saýtyñ işgärlerine köp-köp sag bolsun aýdýaryn.
Okyjylaryñ soraglaryna uly üns bilen garap jogap berýärler...
Sitata
 
 
#3 Okyjy 2013-01-02 01:21
Çary! Men daýyda, daýzada däl. Durmuşa ýaňy gadam basan ýetginjek bolsaň, men seniň üçin gelneje bolýaryn. Nämä gaharyň gelýär? Men seniň bilen dawalaşjagam, jedelleşjegem bolamaok. Ýöne bir zady belläp geçesim gelýär. Meniň bilşime görä, ýalňyşmasam, şu saýtyň açylyp, işläp başlanyna iki ýyldan gowrak wagt boldymykan diýýärin!? Şol döwürde saýtda, umuman saglyga degişli köp-köp makalalar, şol sanda erkek, aýal jyns agzalarynyň gurluşyny, bozulmalaryny, bejergisini öz içine alýan makalalar, jynsy gatnaşyklar... barada aýratyn uly göwrümli makalalar ýerleşdirilen, okadyk, okyjylar köpjüligi okandyr diýip güwä geçýärin.
Okyjylar köpçüliginiň, şol sanda siziň hem soraga jogap bölüminde berýän soraglaryňyza şol makalalardan doly jogaby tapsaň bolýar. Siziň gül ýaly ýaşlaryňyz näme şol makalalary okanokmy ýa-da okasada pikir edip, ondan degerli netije çykaryp bilenokmy? Ýa-da olara bir sözde aga-ak gara-gara jogaby gerekmikä?
Men siziň sorag bereniňizi gysganyp duramok, ýöne saýtyň işgärleriniň ýagny, lukmanlarynyň şol bir manydaky soraga, çydamlylyk bilen jogap berip, gymmatly wagtlaryny ýitirýänlerine gynanýaryn.Bir basan ýeriňi depeläp, durman täzeligiň gözleginde bolmaly dälmikä? Şol gaýtalanyp berilen soraglaryň ýerine näçe gyzykly makalalar ýazylardy.
Saýtyň işgärlerine saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edýärin. Çydamlylyklaryna, giňgöwrümliliklerine bolsa BEREKELLA diýesim gelýär.
Sitata
 
 
#2 cary 2012-12-30 04:30
Ýaşuly (ýa-da daýza)! Türkmen dilinde maglumat köp bolsa gowy dälmi? Belki, sorag beren köpleriň sorap bilmeýän zadyny sorap, türkmençilikde ynjyk mesele bolan jyns gatnasyklary barada maglumatlaryň türkmen ýaşlaryna elýeterli bolmagy üçin sorag berendir?! Ýaşulylara ýaşlary tankytla diýseň. Gül ýaly ýaşlarymyz bar biziň! Siziň aýdýanlaryňyz "Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok" diýen söze meňzeýär. Näme ýurtda jynsy problemaly erkek azdyr öýdýärsiňizmi? Ujyt meselesi hem şonuň ýaly. Jyns gatnasyklary barada berlen soraglar we olara jogaplar köpleriň ýüregine jüňk bolandygyna ynanýan. Özüňizi başgalaryň ornuna goýup görmeli. Elbetde, siziň aýdyşyňyz ýaly durmuşyň wajyp problemalary gaty kän. Ony hemmämizem bilýäris. Her bir gün problemadan doly. Ýöne ýörite saglyk temasyna bagyşlanan şeýle saýtda bir saglygymyza degişli soraglary arkaýyn bermäge garşy çykmaň. Bu saýta "kör düýesi köprüden bireýýäm geçenem", ýaňy durmuşa gadam basan ýetginjegem girýär. Onsoň şol bir soragyň hemmelere gyzykly bolup bilmejegi düşnükli zat.
Sitata
 
 
#1 Okyjy 2012-11-27 17:27
Saýtyňyzda ýerleşdirilýän makalalary, soraga jogaplary maşgala agzalarymyz bilen gyzyklanyp okaýarys.Seredip otursaň biziň oglan-gyzlarymyzy diňe bir mesele gyzyklandyrýar.Ol hem şol jynsy gatnaşyklar... Durmuş öňüňizde, durmuşyň wajyp problemalary-hä kändir. Olar hakda pikirlenmegi, alada etmegi ýaşlykdan başlamasaň, soň çözmek kyn bolar. Töwerek daşymyzy ujyt aldy. So-o-os diýip gygyraýmasaň, başga çäre ýok.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele