Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy JYNSY GATNAŞYKLAR
( 12 Ses Berme )

 

 

Men 35 ýaşymda. Ýaşlykdan jyns organymy köp ýyllap günde anonim bilen meşgullandym. Indi jyns organym jynsy gatnaşyklarda örän pes. Höwesim ullakan, ÿöne başa baranok. Muny bejerip bolýamy? Men lukmana barmaga-da çekinýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Onanizm (masturbasiýa) bilen yzygider meşgullanmagyň jynsy gowşaklyga getirip biljekdigi baradaky pikir giňden ýaýrandyr. Şeýle meşgullanmanyň getirip biljek içki jyns agzalaryndaky gan aýlanşygynyň kynlaşmagy, jyns mäzleriniň işiniň peselmegi, oňurga ýiligindäki degişli kadalaşdyryjy merkezleriň duýgurlylygynyň peselmegi ýaly bozulmalary bellenip geçilse hem, bu deliller degişli subutnamasyny tapan däldir.

Seksopatologlaryň aglabasynyň pikir edişine görä, jynsy gowşaklygyň ýüze çykmagy onanizm sebäpli däl-de, onuň bilen meşgullanýan ýaş adamlara nädogry maglumatyň berilşindedir. Bu ýagdaýa aşa köp üns berme, gorkuzma we jeza berme, adamda özüni günäli saýma, howsala, göwniçökgünlilik, özüni kemçilikli saýma ýaly ruhy bozulmalaryň döremegine getirýändir. Bu bolsa soňundan jübütleriň gatnaşygynda jynsy işjeňliginiň peselmegini (psihogen jynsy gowşaklyk) döredip biler. Dörän bozulmany aradan aýyrmak üçin androlog, seksopatolog lukmanlaryna ýüz tutma ýerlikli bolar. Lukmanlara ýüz tutmakdan çekinmäň, çünki dörän kynçylygyň wagtyň geçmegi bilen ruhy ýagdaýa we maşgala gatnaşyklaryna ýaramaz täsir etjekdigini ýatda saklamalydyr.

Bu babatda maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Masturbasiýa: peýdalymy ýa-da zyýanly?", "Jynsy gowşaklyk" atly makalalar bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Betje 2016-10-01 22:14
Quoting mekan:
titan gel barada giñeshleyin maglumat berayseniz

Ujyt ulaldyyan krem dost, gynansaksa akylyngy kopedenokda.
Sitata
 
 
#4 mekan 2016-10-01 17:30
titan gel barada giñeshleyin maglumat berayseniz
Sitata
 
 
#3 Lukman 2013-03-22 15:02
Hormatly okyjy!
Masturbasiýa(onanizm) barada doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Masturbasiýa:peýdalymy ýa-da zyýanly" atly makaladan okap bilersiňiz.
Sitata
 
 
#2 Saýdyň okyjysy 2013-03-14 11:46
Hormatly saýdyň lukmany! Jyns organyny ononim bilen meşgullandyrmak näme? Bu zat geljekde çaga edinmäge päsgel berip bilermi?
Sitata
 
 
#1 Saýdyň okyjysy 2013-03-14 11:43
Hormatly saýdyň lukmany! Jyns organlary arkaly ýokuşýan keseller nädip bir adamdan, ikinjisine geçip bilýär? Bu kesseller erkek kişä eger ol jynshana döken ýagdaýynda geçip bilýämi ýa-da dökmedik halatynda hem ýokuşýarmy? Şu barada giňişleýin maglumat berseňiz!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele