Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy ŞEÝLE ÝAGDAÝ ÝÜZE ÇYKYP BILERMI?
( 2 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Men 19 yaşymda. Men jynsy gatnaşykda bolan wagtym käbir sebäplere görä ujudym galmaýar. Saglyk ýagdaýym gowy. Jynsy gatnaşyga höwesi artdyrmak üçin nämeler etmeli? Jogabyny ýazsaňyz sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Siziň aýdýan alamatlaryňyz jynsy gowşaklygyň ýüze çykanlygyndan habar berýär. Siz hatyňyzda "käbir sebäplere görä", diýen jümläni ulanypsyňyz? Ol nähili sebäpler?

Jynsy gowşaklyk dürli keselleriň döremegi we psihogen bozulmalar (nerw dartgynlylyk, aýala bolan garaýşyň, duýgynyň üýtgemegi) netijesinde ýüze çykyp, onuň bejergisinde her erkek adamyň ýaşyna, beden aýratynlyklaryna, seksual işjeňligine üns bermelidir. Jynsy gowşaklygyň sebäbini anyklap, Siziň ýagdaýyňyza görä bejergi çäreleri almak üçin seksopatolog lukmanlara ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris. Bu babatda doly maglumaty almak üçin saýtymyzda ýerleşdirilen "Jynsy gowşaklyk" atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele