Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy JYNSY AGZALARYŇ SOWUKLAMASY
( 10 Ses Berme )

 

 

Jyns ýollaryndaky sowuklamalar erkek adamda jynsy spermatozoidleriň  işjeňligine we hereketine öz täsirini ýetirip bilýärmi ýa-da är-aýal gatnaşygynda aýalyñ göwresinde çaga galmazlygyna sebäp bolup bilermi?

Saýtyň okyjysy Aman.

 

 

Hormatly okyjy!

Erkeklik jyns agzalarynyň sowuklama keselleri (prostatit, orhit, epididimit we başgalar), elbetde erkeklik jyns öýjükleriniň (spermatozoidleriň) hil we mukdar taýdan üýtgemegine getirip, olaryň mukdarynyň azalmagynyň, okgunly hereketiniň peselmeginiň, gurluşynyň üýtgemeginiň, ýaşaýyş möhletiniň gysgalmagynyň sebäbi bolup biler. Bu bozulmalar bolsa erkeklik önelgesizligine getirip biler. Jyns agzalarynyň sowuklama ýagdaýlaryna güman edilende urolog, androlog lukmanlara ýüz tutup barlagdan geçme Sizi geljekki kynçylyklardan halas edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Dowran 2016-12-10 17:56
Menin erkeklik gatnasygym pes name etmeli
Sitata
 
 
#3 lukmanjyk 2016-06-30 16:00
Gryža barada belläp geçäýsiňiz !!!
Sitata
 
 
#2 Lukman 2013-07-29 01:17
Erkeklik jyns agzalaryyň sowuklama (alawlama) ýagdaýlary,gasykda ýüze çykýan agyrylar,ýygy-ýygydan buşukma,agyryly buşukma,peşew bölünip çykyş kanalyndan nemli ýa-da iriňli, gan gatyşykly bölünip çykmalar ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilse hem, dürli keseller üçin aýty-aýry mahsus alamatlar hem bolup biler.Dürli ýagdaýlarda takyk kesel kesgidini bellemek maksady bilen öz wagtynda lukmana ýüz tutmak dogry bolar.
Sitata
 
 
#1 Okyjy 2013-07-26 15:54
sowuklamanyn alamatlary arkaly nahili bilip bolar hormatly lukman!?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele