Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy NARPYZLY SAKGYÇ ERKEKLERE ZYÝANLYMY?
( 4 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Käbir adamlar narpyzly sakgyç çeýnemegiň erkegi jynsy gowşaklyga getirýändigini aýdýarlar. Bu dogrumy?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Dogrudan hem, narpyzyň jynsy gowşaklyga getirjekdigine ynanyp, erkek adamlar narpyzly sakgyçlardan, çaý demlemelerden, mentolly çilimlerden gaça durýarlar.

Ýörite barlag geçiren alymlar narpyzda jynsy gowşaklyga getirjek maddalary ýüze çykarmadylar. Ýöne hakykata gabat gelýän käbir faktlary bellemeli bolýar.

Narpyz bütün bedene rahatlandyryjy täsir edip, ruhy hem-de fiziki işjeňligi peseldip biler. Narpyzyň käbir görnüşleriniň güýçli rahatlandyryjy häsiýetiniň bardygyny hem bellemelidir. Bu ýerde öz-özüňi ynandyrma hem uly täsirini ýetirip biler, ýagny erkek adam içilen narpyzly çaýdan soň, öz erkeklik güýjüniň peseljekdigine garaşyp, onuň ýaly netijäni alyp biler. Şeýlelikde, yzygider ulanylýan tebigy narpyz, belki-de, jynsy gowşaklyga getirip biler. Ýöne dürli garyndylardan ýasalan sakgyç bedene beýle täsir edip bilmeýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 okyjy 2016-02-06 19:10
Quoting Merdan:
Ýa men kellam uytgap yormuka

Merdan hic bir zady yureginize yakyn kabul etman beyle zatlara ynananda bolyan bolsa dunyade gor nameler bolardy!
Sitata
 
 
#4 Merdan 2015-07-22 14:16
Ýa men kellam uytgap yormuka
Sitata
 
 
#3 Merdan 2015-07-22 11:15
Men 17 yasyndaky oglan.internetde keseller baradaky maglumatlary gyzyklanma esasynda okayan.Hic yerde islamok.Durmusa bolan garaysym hakda aytsam kan bir durmusa bolan howesim yok .internetde kop sanly erbet keseller mysal ücin Gangrena keseli sol keseller ozunde birhili bolaymasyn diyip gorkyaryn.bir keseli okap sol kesel mende bolarmyka diyip sol kesele ducar bolup bolyarmy.
Sitata
 
 
#2 Lukman 2015-07-22 02:57
Merdan!

Öz-özüňi ynandyrma uly açyşlara, üstünliklere getirip hem bilýär,tersine adamyny lapykeç, göwniçökgün ýagdaýa salyp, wagtyň geçmegi bilen keselçilige hem getirip bilýär. Ikinji ýagdaý köplenç öz-özüne ynamsyz, kümsük, içki howsalaly adamlarda döreýär.
Siz dünýä nähili garaýarsyňyz? Siz göwniaçyk adammy? Siziň käriňiz kim? "Psiholog lukmany höküminde sorag beresim gelýär..." diýip ýazypsyňyz.Siz lukmanmy ýa-da men ýalňyş düşünýänmi? Siz näme maksat bilen Internetde keseller barada okaýarsyňyz? Käriňiz sebäplimi ýa-da gyzyklanma bildiripmi?
Nähili bolanda hem, öz saglygyň ýagdaýy babatda ynamdar bolmak-iň oňaýly çözgüt bolýar.Eger durmuşda Sizi hiç alamat çynlakaý biynjalyk etmeýän bolsa, keseller barada maglumatlar hem Sizi pikire batyrmaly däl.Eger şeýle howsalaly ýagdaýa Siz durmuşda hemme ýerde duçar bolýan bolsaňyz, onda bu ýagdaýdan dynmak üçin lukmanyň kömegi gerek bolar.
Belki ýokardaky soraglara jogap alyp, men Size anyk jogap berip bilerin.
Sitata
 
 
#1 Merdan 2015-07-21 10:47
Hormatly Lukman men size psiholog lukmany hökmünde sorag beresim gelýä.siz yokarda yazypsynyz öz-özüñi ynandyryp kesele duçar bolup bolya diyip.Men internetde ençeme erbet keseller barada maglumatlary okadym.indi name etjegimi bilemok sol keseller özümde bolayjak yaly.birhili sol okan kesellem ozumdede bolayjak yaly duygular bolya.hic hili unsumi sowup bilemok.Meniñ esidisime göra internetde kesel barada maglumat okap sol okan keseline ducar bolyanlar hem kopmisin.Men indi name etjegimi bilemok.Lukman gayrat edip maslahat berin.yatsam tursam sol okan kesellem ozumde dorarmika diyip gorkyan.ýa men kellam sagat dalmika.lukman hays maslahat berayin. Halys boldum indi.ya basga bir zada uns bermelimi namemi bir zada etmeli.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele