Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy UJYDY ULALTMAGYŇ ÇÄRELERI BARMY?
( 15 Ses Berme )

 

Salam, hormatly lukman! Ujydyñ (penisiñ) ululygy erkek adamlaryň hemmesini-de gyzyklandyrýan bolsa gerek. Biz erkekler hemmämiz hem ujydymyzyň ulurak bolanyny kem göremzok (hut menin özüm 18 sm bolmagyny isleyän, su wagt 27 yasymda)! Su tema barada internetde birnäçe zatlara gabat geldim: ujydyñ boyuny ösdürmek ücin tabletkalar, enjamlar, yörite mashklar... Ýöne bu zatlar näderejede dogruka? Hakykatdan hem medisinada ujydyñ (penisiñ) boýuny, inini uzaltmagyň bir usuly barmy? Eger bar bolsa nirä ýüz tutmaly? Şular barada giňişleýin düşündiris berseňiz, gaty hoşal bolardyk!

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Ujydy ösdürmek üçin lukmançylykda birnäçe usullar ulanylyp, adamyň umumy ýagdaýyna, endokrin ulgamyň işjeňligine, ujydyň ilkibaşdaky ululygyna baglylykda olary diňe lukman maslahat berip biler (!).

Iň köp ulanylýan usullardan aşakdakylary belläp bolar: 

1. Testosteron gormonynyň peselmegi bilen geçýän endokrin näsazlyklary aradan aýryp, gormon sanjymlary we melhemleri ulanmak. Bejergini we gözegçiligi endokrinolog lukmany amala aşyrmalydyr.

2. Ýörite ekstendor abzalynyň kömegi bilen ujydy uzynlygyna we ýogynlygyna ulaltmak.

Ekstendor ujydyň uzak wagtlap çekilmesini amala aşyrýan ýörite abzal bolup, ony hemişe geýip gezmek zerurlygy ýokdur. Bir günüň dowamynda ony arakesmeler bilen geýip gezmek hem bejerginiň netijeliligine hiç hili täsir edip bilmeýär. Siziň islegiňiz bolsa ony geýip ýatmak hem bolar.

Ekstendorlar peşew bölünip çykma ýagdaýyna, seksual işjeňliginiň derejesine hiç hili täsirini ýetirmeýär. Kadaly ulanylanda, bu usuly ulanan adamlarda 2-3 aýdan ujydyň ortaça 20-25% ulalandygy bellenildi. 

3. Ujydy ulaltmak maksady bilen kosmetologiýa hirurgiýasynda esasan iki usul ulanylýar: 

  • Ujydy ulaltmak üçin – ujydy saklaýan baglaýjylary kesip gowşatmak, ujydyň dartylyp durmasyny gowşadyp, onuň uzynlygyny artdyrýar. Baglaýjylar gaýtadan düşmez ýaly, 5-6 aý ujydy çekip saklaýan enjamlary geýip gezmek zerurdyr. 
  • Ujydy ýogynlygyna ösdürmek – bu maksat üçin ýörite transplantatlar ujyda oturdylýar we gerekli ýogynlyk derejesi gazanylýar. 

Hirurgiki usullaryň hem öz ýetmezçilikleri we gaýraüzülmeleri bolup, urolog lukmanlaryň maslahatyny almak hökmandyr. 

Ujyd juda ynjyk we duýujy agza bolup, ony ulaltmak babatda çäreleri başlamazdan öň çynlakaý pikirleniň. Eger ol kadaly ölçegde we kadaly "işleýän" bolsa, belki bu çäreleriň geregi hem ýokdur?!

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#16 bayram 2017-01-05 16:36
Salam lukman menem so mesele boyunca size yuz tutyan yagny ulaltmak boyunca
Sitata
 
 
#15 Kakamyrat 2016-09-07 12:42
Salam Hormatly Lukman! Birhilegirägem welin meniñ size bir soragym bar! Men 18 ýašymda meniñ ujudym ereksiýa wagtynda 11 sm-e ýetýär. Bu kadaly uzynlykmyka? indi meniñ ösmegini bes etdimika? Meniñ ešidišime görä erkek ujudy 20 ýaša çenli ösmegini dowam etdirýärmišin! sular barada bilýän zatlaryñyzy ýazmagyñyzy haýyš edýärin! Jogabyñyza sabyrsyzlyk bilen garašýan!
Sitata
 
 
#14 Nazar 2016-09-07 12:37
Jagabyñyz sabyrsyzlyk bilen garašýan!
Sitata
 
 
#13 Kakamyrat 2016-09-06 15:46
Salam Hormatly Lukman! Birhilegirägem welin meniñ size bir soragym bar! Men 18 ýašymda meniñ ujudym ereksiýa wagtynda 11 sm-e ýetýär. Bu kadaly uzynlykmyka? indi meniñ ujudym ösmegini bes etdimika? Meniñ ešidišime görä erkek ujudy 20 ýaša çenli ösmegini dowam etdirýärmišin! sular barada bilýän zatlaryñyzy ýazmagyñyzy haýyš edýärin!
Sitata
 
 
#12 Kakamyrat 2016-09-06 15:44
Salam Hormatly Lukman! Birhilegirägem welin meniñ size bir soragym bar! Men 18 ýašymda meniñ ujudym ereksiýa wagtynda 11 sm-e ýetýär. Bu kadaly uzynlykmyka? indi meniñ ösmegini bes etdimika? Meniñ ešidišime görä erkek ujudy 20 ýaša çenli ösmegini dowam etdirýärmišin! sular barada bilýän zatlaryñyzy ýazmagyñyzy haýyš edýärin!
Sitata
 
 
#11 Erkin 2016-06-12 09:19
Asakda #8belgili Okyjy agza size yuzlenyan.
Siz diyyaniz tuweleme tkm yaslary onsuny uzaltmanda basga zatlary cozilene menzeya diyipsiñ welin, Elbetde her kim ozine gerek zady soramaly bolara .Keypine soralanok bu zatlar hakykatdanam seyle bolansoñ soralya.
Sitata
 
 
#10 Erkin 2016-06-12 09:14
Salam hormatly lukman.Şu barada menem oran gyzyklanyan.Sebap yagny meninem ujydymyn uzynlygy adatkydan gysga, Muñ ucin yorite krem bar, Power life atly .Ol Russiya dowletnde 5 sm cenli uzalmana peydasy bar dp mahabatlandyryarlar.Sol Power life kremini Bizin yurdumuzda dermanhanalardyr sm lerden tapmak mumkinmika.Yada ol bizde gadaganmyka ulanmak.
Sitata
 
 
#9 anna 2015-03-21 00:35
Men aýalymyñ ýanyna baramda 1nji gezek bolýa 2nji gezek 4-5 sagatdan bolýa muña näme çäre görip bolýa ýene bir zat alkagolly içgileri içen wagtym 1nji gezegem kynlyk bilen zordan diýen ýaly bolýa şu barada anyk maglumat beräýseñiz
Sitata
 
 
#8 Okyjy. 2015-03-04 02:25
"Tüweleme" türkmen ýaş ýigitleriniň durmuşdaky we saglyk bilen bagly hemme problemalary çözülene meňzeýär. Olaryň köpüsiniň pikiri, işi-pişesi "onsunu ulaltmagyň" aladasy bilen ýaşaýar öýdýän.
Sitata
 
 
#7 Lukman 2015-03-04 01:23
Hormatly Begenç we bu sorag bilen gyzyklanýan beýleki okyjylar?

Saýtymyzyň "Gözleg" bölüminde " Ujydy ulaltma " diýip ýazyp ugratsaňyz, bu mesele barada lukmanyň ýazan makalasy we şuňa meňzeş soraglara lukmanyň beren birnäçe jogaby bilen tanşyp, özüňiz üçin doly maglumat alyp bilersiňiz.
Sitata
 
 
#6 begench 2015-03-03 14:02
Hormatly lukman sizden soragyma jogap bermeginizi hayys edyarin!
Sitata
 
 
#5 begench 2015-02-27 23:39
Salam hormatly lukman! Ujydyn passiw we aktiw wagtyndaky kadaly olcegleri barada bellap gecayseniz. Men 18 yashymda. Su yashda ujudyn uzynlygy nahili bolmaly? Jogap bermeginizi hayysh edyarin
Sitata
 
 
#4 Mergen 2015-02-08 21:48
Ujydyn passiw we aktiw wagtyndaky kadaly olcegleri barada bellap gecayseniz
Sitata
 
 
#3 Mergen 2015-02-08 21:47
Ujydyn passiw we aktiw wagtyndaky kadaly olcegleri barada bellap gecayseniz
Sitata
 
 
#2 Berdi 2014-10-06 05:20
Ekstendory nireden tapyp alyp bolar?
Sitata
 
 
#1 Jane 2013-01-01 01:53
Örän ýerlikli sorag eken!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele