Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy WIAGRANYŇ TÄSIRI
( 23 Ses Berme )

 

 

"Men Internetden jynsy gatnaşyga mümkinçilik döredýän wiagra dermany barada maglumat aldym we dermanhanada ol barada soranymda maňa sinegra dermanyny hödürlediler. Bu derman barada doly maglumat tapmadym. Onuň täsiri barada maglumat berseňiz sizden höşal bolardym".

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Wiagra, sinegra, sinagra, kalagra derman serişdeleriniň hemmesiniň düzümini sildenafil işjeň maddasy düzüp, ol ujydyň gowak görnüşli bedeniniň myşsalaryny gowşadyp, olara ganyň gelmesini güýçlendirýändir. Netijede, ujydyň gönelmegi (ereksiýa) bolup geçýändir.

Şeýle täsirli derman serişdeleri meýilleşdirilen jynsy gatnaşyklardan 1 sagat öň kabul edilýändir. Ulular üçin bir gije-gündizde kabul edilmeli dermanyň mukdary 50 mg. barabardyr.  Dermana bolan duýgurlylyga baglylykda, dermanyň mukdary 25mg. çenli azaldylyp ýa-da 100 mg. (100 mg. – bir gezek kabul edilip bilinjek mukdar) çenli ýokarlandyrylyp bilner.  

Bu topara degişli derman serişdeleriniň ýaramaz täsirleri aşakdaky alamatlar  bilen ýüze çykyp bilýändir: baş aýlanmalar, endamyň gyzmagy, kelagyrylar, ýürek bulanma, içgeçme, deride örgünleriň döremegi, burnuň dykylmagy, erkeklik jyns mäziniň işiniň bozulmagy.

Şeýle hem aşakdaky ýagdaýlarda bu derman serişdeleri ulanmak bolýan däldir:

► gan akmalara bolan ýykgynlylyk;

aşgazanyň baş keseliniň ýitileşmegi;

bagryň işiniň bozulmalary, sirroz;

ýürek-gan damar ulgamynyň keselleri – gan basyşyň ýokarlanmagy, stenokardiýa, ýürek ýetmezçiligi;

ujydyň anatomiki bozulmalary (Peýronyň keseli, kawernoz fibrozy).

Şeýle täsirli derman serişdeleri aýallara we çagalara bellenilmeýär. Geçirlen barlaglar, bu serişdeleriň  bir gezek kabul edilende erkeklik öýjükleriniň hiline we mukdaryna täsir etmändigini görkezdi.

Eger erkek adam ýüregiň infarkt keselini geçiren bolsa, soňky 6 aý bu dermany kabul etmek bolmaýar. Şeýle hem, seksual işjeňligini geçirmäge garşy görkezmeleri bolan erkeklere bu dermany ulanmak bolmaýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Arslan 2017-08-03 11:00
Salam Lukman!
"Сахарный" Ýalñyşmasam Tùrkmençe sùýji keseline garşy Nähilek Göreşmeli? Nämeler Ìýeniñde peselýär ýada dùýbùnden aýyrybam bolýarmy?
Sitata
 
 
#4 Arslan 2017-08-03 10:58
Saglyk Sebäpli
Sitata
 
 
#3 Myrat 2017-04-19 19:02
Salam dogtar. Bizde sheyle yagday bolya 2/3 gun yzly yzyna. Men islap heleymin yanyna baryan vashlanazdan on polny sowashyp turmaya hich hili islamok. Nameden bolup bilerka. Biz taze durmush gurduk yany bir 2hepde bile bolan bolsak bary yogy 10gezek bile bolluk. Nameden beyle bolyaka men dushunemok hayysh komek edayin biz 22yashda garrama dal...
Sitata
 
 
#2 Serdar 2017-04-18 17:34
Salam Lukmanlar men Asgabatda barlagdan gecemde iki taraplayyn gaymorit kistasy bar diyip bellediler. Indi olary operasiya etdirjek bolyan. Solar barada maslahat berseniz!
Sitata
 
 
#1 Mekan 2017-04-13 06:53
Ogo men soran zadymy tema edip açayypdyrlarrr hehheyyyy sps lukman !!!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele