Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy ERKEK GÖWÜS MÄZLERINIŇ ULALMAGYNYŇ SEBÄBI
( 13 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Meniň jynsym erkek. Men 14 ýaşymda wagtym göwsüm ulalyp başlady. Häzir men 19 ýaşymda, yöne heniz hem göwnüme ol ösýän ýaly. Meniň göwsüm näme sebäpden şeýle ösýärkä? Şol sebäpden menden çaga bolmanam bilermi? Ol howplymy? Şular hakda giňişleyin maglumat bermegiňizi haýyş edýärin!

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Siziň beýan eden ýagdaýyňyza lukmançylykda ýetginjeklik ginekomastiýasy diýilýär. Ginekomastiýa – bu erkek adamyň göwüs mäziniň ölçeginiň ulalmagydyr. Ol ölçegi boýunça kiçijekden uly aýalyň göwsi ýaly ölçege çenli ulalyp bilýär.

Hakyky ginekomastiýa – ýetginjekleriň jyns taýdan ýetişip başlan döwründe gabat gelýär. Bu döwürde jynsy gormonlaryň bölünip çykyş gatnaşygy bozulýar. Köplenç şu ýagdaý 12-14 ýaşly oglanlaryň 30%-de duş gelýär. Şu döwürde ginekomastiýa özbaşdak aýrylyp gidýär. Eger bu ýagdaý uzaga çekse, onda gijikdirmän lukmana ýüz tutma zerurdyr.

Ýalan ginekomastiýa gormonal bozulmalar bilen bagly bolman, semizlikde göwüs mäzlerinde artykmaç ýaglaryň ýygnanmagy sebäpli göwüs mäzleriň ölçegleri ulalýar. Bu ýagdaýa lipomastiýa diýilýär. Göwsi elläp göreňde ýumşak, agyrsyz, emzijekler aşak sallanan. Köplenç iki taraplaýyn bolýar, emma bir taraplaýyn görnüşi hem duşýar.

Ginekomastiýanyň döremeginiň sebäpleri

Köplenç iki gormonyň (testosteron – erkeklik gormony we estrogen – aýallyk gormon) deňagramlylygynyň bozulmagy şu keseliň döremegine sebäp bolýar.

Şu görnüşli bozulmanyň döremegine getirýän sebäpleriň 30-dan gowragy tapawutlandyrylsa hem, olaryň hemmesini 3 sany uly topara bölüp bolýar:

► Bedende aýallyk gormonyň agdyklyk etmegi.

Erkeklik gormonyň mukdarynyň peselmegi.

Käbir derman serişdeleriniň ulanylmagy.

Ginekomastiýany anyklamak üçin onkolog we endokrinolog lukmana ýüz tutup, gandaky gormonlaryň derňewini, göwüs mäzleriniň ultrases barlagyny geçirme zerurlygy döräp biler.

Şol sebäpden menden çaga bolmanam bilermi?

Eger siziň bedeniňizde aýallyk gormony – estrogen agdyklyk edip, erkeklik gormony testosteronyň mukdary pes bolsa, onda çagaňyz galman hem biler. Has takyk jogaby Size endokrinolog lukmany ganyň gormonlara derňewini barlap aýdyp biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele