Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy DÜŞNÜKSIZ ÝAGDAÝ
( 12 Ses Berme )

 

Salam lukman! Men 20 ýaşyndaky erkek adam. Ýaňy-ýakynda jynsy gatnaşykda bolan wagtym döle derek gan geldi. Ozal şeýle ýagdaý buşugamda ýüze çykypdy. Men hiç hili agyry duýmadym we häzir hem duýamok. 10-12 ýyl mundan oñ bowregimde daş bardy. Şohle bilen 2ýyl yzygiderli döwdürdim, yöne daşyn kiçijik bölegi döwulmän galypdy. Geçen ýyl barlagdan gecenimde, böwregimdäki daşyn azajyk böleginiň öňküligine duranyny anykladym. Agyry bolmasa üns bermegiň gereginiň ýoklugyny lukman aýtdy. Ýöne name üçin jyns agzamdan gan geldikä? Näme etmeli bolarka?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Lukmanlaryň bellemegine görä, 40 ýaşa çenli erkek adamlarda jynsy gatnaşyklardan dowamly saklanmalaryň netijesinde dölde ujypsyz mukdarda ganyň bolmalary kada hasaplanýar. Eger bu ýagdaý ýygy gaýtalanyp, başga alamatlar (gasykda agyry, agyryly peşew etmeler, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy) bilen utgaşanda, onda sebäpleri anyklama talaby döreýändir.

Peşew-çykaryş ýollaryň, ýumurtgajyklaryň, tohum haltajygynyň, erkeklik jyns mäziniň alawlama keselleri, jyns gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklar, jyns agzalaryň täze döremeleri, şikeslenmeler ganly dölüň bolmagynyň sebäbi bolup biler.

Megerem, peşew çykaryş ýolunda galan peşew daşjagaz süýşüp we gan damarlaryny şikeslendirip, dole ganyň düşmeginiň sebäbi bolandyr.

Saglyk ýagdaýyňyz babatda şübhelenmeler bolmaz ýaly urolog lukmanyna çekinmän ýüz tutmaklygy maslahat berýärin.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Mekan 2016-05-19 23:41
Salam lukman mana Ashgabat shaherinde adyny familiyany gizlin saklayan urologiya nirde bardygyny aydaysynyz Urolog lukmany Asgabat shaherinde nirde barka ady familiyan gizlin saklayan
Sitata
 
 
#2 jemsit 2016-05-10 10:14
Salam hormatly lukman sizin maslahatynyz gerek. Men gozum gijeya sonam burnum dykylyp manlayym das toweregi erbet agyrya lukman bu namedenka hayys maslahat berayin. Garasyan
Sitata
 
 
#1 Soranjañ 2016-04-11 21:32
Men saglyk.info saytynda birnace makalalar okadyp we peydalandym. Menem shu saytyn okyjysy bolasym gelyar
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele