Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy GÖWÜS MÄZLERIŇ ÇIŞMEGI
( 10 Ses Berme )

 

 

 

Salam lukman. 16 ýaşly oglanyn göwüs mäzleriniň uçlary nämeden çişip biler?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

14-15 ýaşly oglanlarda jyns kämilligi döwri başlanda bedendäki estrogen gormonynyň täsiri bilen göwüs mäzleriniň, şol sanda emzikleriň biraz çişmegi, döş mäzinde agyrylaryň bolmagy syn edilip bilner. Gormonal üýtgeşmeleriň geçmegi we testosteron gormonynyň derejesiniň kadalaşmagy soňundan bu üýtgeşmeleri aradan aýyrýandyr. Ýumurtgajyklaryň işiniň bozulmalary, onuň howply täze döremeleri, käbir endokrin keselleri gormonal bozulmalara getirip, başga alamatlar bilen birlikde göwüs mäzleriniň ulalmagyna hem getirip biler.

Şonuň ýaly-da, beden agramynyň ýokarlanmagy, sport türgenleşiklerde myşsalary ösdürmek üçin gormonlaryň kabul edilmegi hem erkek adamlaryň döş mäzini ulaldyp biler.

Eger göwüs mäzleriniň emzikleriniň çişginliligi dowamly wagt saklanýan bolsa, sebäbi anyklamak üçin endokrinolog we androlog lukmanlarynyň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 nuri 2016-03-12 20:22
Hormatly lukman saLam! sizden soranLarynda siz keseLin adyny yada dermanyn adyny ylmy dilde aytyanyz. mumkin boLsa shony sonunda dushindiriLishini yazmagynyzy sorayaryn. kop sag boLun.
Sitata
 
 
#1 Suleyman 2016-01-17 10:06
Wariokasel.salam hormatly lukman wariokasel we onun onuni nadip almaly shol barada gysgaca maglumat berayinda hayysh
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele