Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Erkek saglygy IRDEN DÖREÝÄN EREKSIÝA ZYÝANLYMY?
( 14 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men 1987-nji ýylda doglan. Men käwagtlar irdenlerine oýanamda erkeklik ýagdaýym turgyn bolýar, ýogsa hiç hili düýş hem göremok. Beýle ýagdaý name üçin döreýärkä ýa-da meniň saglygymda kemçilik barmyka?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Irdenlerine öz-özünden döreýän ereksiýa (ujydyň gönelmegi) – bedende bolýan kadaly fiziologiki hadysadyr. Bu hadysa jynsy gowşaklykdan kösenmeýän erkek adamlaryň hemmesine mahsusdyr.

Özbaşdak döreýän ereksiýa dine irdenlerine bolman, eýsem uky wagty, bir gijede 3-5 gezege çenli bolup biler. Beýle ereksiýa gije beýniniň işjeňliginiň ýokarlanyp, düýş görülýän döwründe döreýär. Ýöne onuň döremegi görülýän düýşleriň mazmunyna bagly däldir. Hiç hili erotiki mazmunly düýşler görülmese hem ereksiýa ýüze çykyp biler. Adatça ol 20-30 sek, ýöne käwagtlar 2 sagatdan hem köp dowam edip bilýär. Özbaşdak döreýän ereksiýa dune uly erkek adamlarda bolman, oglanjyklarda hem ýüze çykyp biler.

Irdenki ereksiýa peşew haltanyň dolmagy we oňurganyň ereksiýa gözegçilik ediji nerw süýümleriniň gyjyndyrylmagy netijesinde hem döräp biler.

Lukmanlar irden döreýän ereksiýanyň görkezijilerini jynsy gowşaklygyň häsiýetini kesgitlemek üçin ulanýarlar. Onuň üçin ujyda ýuka kagyzdan edilen halkajygy geýdirýärler. Eger 2-3 gije kagyz halkajyk ýyrtylman galsa, onda erkek adamda bu ugurda kynçylygyň dörändigini aňladyp, ýörite serişdeler bilen bejergini geçirme talaby döreýär.

Şonuň ýaly-da, ereksiýa kynçylyksyz gündiz bolup, gije bolmasa, ol hem psihiki kynçylyklaryň bardygyndan habar berýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 abdulla 2015-11-03 17:53
Lukman epileptolog bizin yurdymyzda barmy
bolsa śolaryn salgysyny bermeginizi haÿysh edÿerin!!!
Sitata
 
 
#6 Lukman 2015-11-03 01:21
Abdulla!
Garaguş keselini bejerýän epileptolog lukmanlary barada maglumatymyz ýok, ýöne şeýle näsaglaryň nerw keseller merkezlerindäki we keselhanalardaky newropatolog lukmanlarynyň gözegçiliginde bolýandygyny siz bilýän bolsaňyz gerek. Häzirki wagtda garaguş keseliniň eke-täk bejergisi-ýörite derman serişdelerini ulanyp, olary uzakmöhletleýin kabul etmekdir. Eger tutgaýlar köpelip, aralary ýygylaşýan bolsa, onda bellenen derman serişdesine öwrenşilmäniň dörän bolmagy, dermanyň mukdarynyň ýeterlik bolmazlygy ýa-da derman serişdäniň hakyky görnüşiniň ýerini tutujy, hili pes dermany ulanýandygyňyz babatda soraglary çözmek üçin öz gözegçiliginde duran lukmanyňyza ýüz tutmak netijeli bolar.
Sitata
 
 
#5 abdulla 2015-11-02 23:40
Lukman Garagush keselinin nedip bejermeli
Śu kesel bilen iśleyen lukman bolsa olar bilen nedip habarlaśmaly
5 yashyndan beri keselep gelyer daśary ÿurt lukmanlarynada ÿüz tutuldy śondada galanok śumagt 18 ÿaśynda wagt geçdigiçe
tutmasy köpelip barÿa
Sitata
 
 
#4 Lukman 2015-10-05 23:29
Maks!
Eger göwreliligiň galany test barlagy ýa-da ultrases barlagy esasynda anyklanylan bolsa, siziň gelniňizi biynjalyk edýän alamatlar düwünçegiň düşme howpunyň dörändiginden habar berýär.Bu ýagdaýda lukmanyň barlagyndan soň,bejergi çärelerini gyssagly geçirme zerurdyr.
Sitata
 
 
#3 maks 2015-10-05 22:51
Lukman hayysh edyan jogap berayin. Caga galanyna bolan bolsa 2hepde bolandyr. Garnynyn ashagynda sanjy bar.
Sitata
 
 
#2 maks 2015-10-05 22:11
Hormatly lukman,toy edenime 2 ay boldy. Hudaya shukur cagamyzam galdy. Yone kawagt gelnimin garnynyn ashagynda burup agraya. Icki eshiginde sahelce damja ganyn yzy bar. Name ucin beyleka?
Sitata
 
 
#1 kerwen 2015-09-18 09:07
Lukman aýalyñ 2 aýlap aýbasy gelmese göwreli bolup bilermi.biz ýörite test etdik ýok diýip görkezdi.ýok bolsa näme üçin aýbasy gelenok.bu barada aýdaýsaňyz!!!!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele