Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik ÇAGA GALMAGY ÜÇIN AMATLY GÜNLER
( 24 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Meniň aýalym göwreli bolanok. Aýbaşydan naçe wagt soň we aýbaşa naçe wagt galanda caga galma mümkinçiliginiň bardygyny aýtsaňyz sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Çaga galmagynyň amatly günlerini kesgitlemek üçin aýalyň aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny bilmek möhümdir. Gelen aýbaşynyň birinji gününden indiki, garaşylýan aýbaşynyň birinji gününe çenli aralyk – bir aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny düzýändir. Ol aralyk 21-35 güne barabar bolup biler. Barlaglaryň görkezişi ýaly, aýallaryň aýbaşy halkalarynyň aglabasy 27-28 güne deň bolup durýandyr.

Ýatgyda bir aýbaşy halkasynyň dowamynda bolup geçýän fiziologiki üýtgemeleriň bolup geçişini beýan etmän gysgaça aýdanymyzda, aýbaşy halkasynyň ortasy aýallyk öýjükleriniň emele gelip, göwreliligiň galmagy üçin oňaýly wagt bolup durýandyr. Emele gelen jyns aýal öýjüginiň 3 gije-gündiz ýaşaýanyny göz öňüne tutup, dowamlylygy 28 güne deň (halkanyň ortasy 13-14-nji gün) aýbaşy halkasy bolan aýallarda 12-nji günden 17-nji (aýbaşynyň birinji gününden sanamaly) günler aralygynyň göwreliligiň galmagy üçin amatly wagt bolup durýanyny bellemelidir. Aýbaşy halkasy 25 güne deň (ortasy 11-12-nji günler) aýallar üçin bolsa, 9-njy günden 15-nji günler aralygynyň amatly bolup durýandygyny aýtmalydyr.

Endokrin bozulmalary netijesinde aýallyk öýjükleriniň özwagtynda emele gelmegi üýtgäp, olaryň giç ýa-da asla emele gelmezligi hem mümkindir. Bu ýagdaýlar ginekolog we endokrinolog lukmanyň barlagyny we bejergisini talap edýändir. Häzirki wagtda ultrases barlagynyň kömegi bilen aýallyk jyns öýjükleriniň emele gelşini we olaryň ösüşini kesgitleýän follikulometriýa barlagy geçirilýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#6 Lale 2016-10-24 05:39
Lukman aga size yenil bolmadyk isinizde ustunlik arzuw etya men suragma jogap berayinda hais
Sitata
 
 
#5 Lale 2016-10-19 22:06
Salam lukman size uly bolmadyk soragym bar yamen iki ay bari icimin asagynda sag tarapda yenil agyry duyyan basgada iki uc ay bari aybasymvagtly vagtynda gelsede az gelya iki gunden kope gidenok yone su ay aybasy gelmeli guninden on gyzylymtyl vidilenya gornip durdy gan gatysykly uc gunlap son ayryldy iki gun gecenson aybasym geli birinji gun birsagadyn dowamynda azajyk gorindi son opsi gelmedi ertesi yene seytdide kesildi bu nameden bolup biler aybasym name sebapden az gelyaka on beyle zat hic bolmandy 7gun doly gelyati lukman munkin bolsa dusundiran bu nahili yagdaylarda bolup biler
Sitata
 
 
#4 Lukman 2016-04-19 00:09
Toýly!
Aýbaşy halkasynyň 20-nji gününde, eger aýalyň aýbaşy halkasy dowamly bolsa we dürli sebäplere görä aýallyk öýjükleri giç dörän bolsa, göwrelilik galyp biler.Bu soraga anyk jogap bermek üçin aýalyň aýbaşy halkasynyň dowamlylygyny bilmeli (meselem, 26 gündenmi ýa-da 30 günden aýbaşy gelýärmi).
Sitata
 
 
#3 toyly 2016-04-12 12:00
caga galmak un ayalyn ay bashy gununun 1 nji gununden hasaplanda 20 gunden sonom caga galyp bilyami
Sitata
 
 
#2 Lukman 2014-12-11 01:08
Alişir!
Bütün gyzlyk perde bolanda göwreliligiň galyp bilmegi üçin mümkinçilik ýok hem bolsa, lukmançylyk edebiýatynda bütün gyzlyk perdeli hem göwrelilikleriň bolany we perdäni dogrum wagty dilip aýrandyklary barada maglumatlar duş gelýär.Şeýle ýagdaýlaryň döremegi diňe süýnýän hem-de elastiki gyzlyk perdelerde,erkeklik tohumlygynyň jynshana düşmegi bilen düşündirilip bilner.Bu ýerde erkeklik öýjükleriniň hereketjeňliginiň we hiliniň ýagdaýy hem az täsirini ýetirenok.Beýle ýagdaýlaryň örän ýygy bolmasa hem, aslynda duş gelýändiginden güwä geçýän maglumatlar bar.
Sitata
 
 
#1 Rustamow Alyshir 2014-12-10 12:58
Salam lukman!!!.gyzyn gyzlygy alynmanka caga bolup bilermika.???Şony duşindirayinde!!!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele