Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik TÄZE DOGLAN ÇAGANYŇ KELLESINDE DÖREÝÄN DOGRUM ŞIKESLERI
( 18 Ses Berme )

 

"Salam hormatly lukman! Men size şeyle sorag beresim gelýär. Menin ýaňy doglan oglumyn kellesinde yumşak uly çiş bar. Şol içi suwuklykly çisi nadip aýryp bolarka? Giňişleýin gürrüň beraýseňiz Sizden hoşal bolardym."

Saýtyň okyjysy.

"Hormatly lukman! Meniň ýaňy doglan gyzymyň kellesinde çişiň bardygyny we onuň howply däldigini lukmanlar düşündirdiler. Ýaňy doglan çaganyň kellesinde çiş name sebäpden döräp bilýär?"

Saýtyň okyjysy.

Täze dünýä uýgunlaşma synanşygy

Dogrum hadysasy aýaldan bolşy ýaly, dünýä inýän çagadan hem belli bir güýji we uýgunlaşmany talap edýändir. Dogulyş ýollaryndan geçmek üçin, çaga enäniň çanaklyk süňkleriniň we myşsa süýümleriniň halkasynyň bildirýän uly garşylygyna döz gelmeli bolýar.

Çaganyň kelle süňkleriniň biri-biriniň üstüne süýşüp bilme häsiýeti dogrum ýollaryny ýeňil geçmäge kömek edýändir. Doglandan soň çaganyň ilkinji gezek aglamagy, emdirilmegi kelle süňkleriniň ýerli-ýerine barmagyna ýardam berýär. Enesi tarapdan çynlakaý sebäpler bolmasa, sag çaga dogrum ýollaryny hiç hili kynçylyksyz geçmäge ukyplydyr. Eger ösýän çaganyň ýa-da enesiniň saglyk kynçylyklary bolan ýagdaýynda, çaga dogrum ýollaryny geçme ep-esli kynçylyk döredip, kellede şikeslenmeleriň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler.

Dogrum şikeslenmeleriniň döreme ähtimallygyny peseltmek üçin tebigat çaganyň kelle süňklerini örän berk, şonuň bilen bilelikde hem çeýe edip döredipdir. Olary birleşdirýän "tikinjikler" we öňki (uly) hem-de yzky (kiçi) beýnijikler bolsa kelle süňklerine hereketlenme mümkinçiligini berip, çaganyň kellesine enäniň çanaklygynyň dar ýerlerinden hem şikessiz geçmäge kömek edýändir.

Kelläniň şikeslenmeleriniň döreme sebäpleri

Eger tebigat kelle süňklerine şeýle uýgunlaşma häsiýetini "peşgeş" beren bolsa, näme üçin dogrum çişi, kefalogematoma we kelle süňkleriniň başga şikeslenmeleri döreýärkä?

Kelläniň dogrum şikeslenmeleri enäniň içinde ösýän çagada dürli sebäplere görä ýüze çykan kislorod ýetmezçiligi netijesinde döräp biler. Şeýle sebäplere enede bar bolan keseller: dem alyş ýollarynyň, bagryň, böwregiň dowamly keselleri, endokrin we ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklary, enäniň çilim çekmegi degişli edilip bilner.

Dowamly kislorod ýetmezçiligi beden dokumalarynda madda çalşygynyň bozulmalaryna, şol sanda gan damarlarynyň berkliginiň peselmegine getirip, şeýle "gowşak" damarlar dogrumda döreýän basyşa döz gelmän, beýni dokumasyna ýa-da beýniniň daşky bardasynyň aşagynda gan ýygnanmalaryň döremeginiň sebäbi bolýarlar. Şeýle dogrum şikeslenmeleri beýni öýjükleriniň ölmegi ýaly howply netijelere getirip bilýändir.

Beden agzalarynyň, şol sanda damarlarynyň hem doly kämilleşmändigi sebäpli, wagtyndan öň dogulýan çagalarda-da kelle şikeslenmeleri ýygy duş gelýändir. Wagtyndan geçip dogulan bäbejiklerde bolsa, süňkleriiň gatap, uly we kiçi beýnijikleriň ýapylýandygy sebäpli, süňkleriň uýgunlaşmagy kynlaşyp, dogrum şikeslenmeleri ýygy duş gelip biler.

Kellede dogrum çişleri we kefalogematoma kellesiniň ölçegleri enäniň dogrum ýollaryna gabat gelmeýän uly agramly çagalar doglanda hem ýygy ýüze çykyp bilýändir.

Çaganyň ýatgyda nädogry ýerleşmegi hem, meselem çaganyň otyrýeri bilen gelmegi, kelle şikeslenmelerine getirip biler.

Kesar kesimi operasiýasynyň kömegi bilen dogulýan çagalarda kelläniň şikeslenme ähtimallygy pes bolsa-da, meýilleşdirilen operasiýa bilen deňeşdirilende, gaýragoýulmasyz ýagdaýda geçirilýän operasiýalardan soň kelle şikeslenmeleri has ýygy duş gelýändir. Bu bolsa operasiýadan öň dogrum güýçleriniň başlanyp, kelläniň dogrum ýolunda gysylyp şikeslenme alandygy bilen düşündirilýändir.

Çagalarda döreýän derasty gan ýygnanmalar, dogrum çişleri

Goraglylyk mehanizmi hemişe çagajygy şikeslenmelerden goramaga ukyply bolman, dogrum üçin adaty bolan çişginliligi – dogrum çişleriniň döremeginiň sebäbi bolup biler. Düzgün bolşy ýaly, dogrum çişleri çaganyň saglygyna we daşky görnüşine howp salyp biljek şikeslenme bolman, ol çaganyň öňde gelýän synasyna agram düşmegi netijesinde döreýän çişginlilikdir. Dogrum çişleri adatça çaganyň ýeňsesinde ýa-da depesinde, käwagtlar maňlaýynda, ýüzünde, otyrýerinde döräp biler. Dogrum wagty dokumalaryň gysylmagy netijesinde gan we limfa durgunlylygynyň döremegi bu şikeslenmäniň esasy sebäbi bolup durýandyr.

Dogrum çişleri çalt geçip, dogrumdan soňky 2-3 günüň içinde hiç hili bejergisiz ýitip gidýändir. Gögümtil gan ýygnanmalar bolsa, eýýäm ikinji hepdäniň başyna ilki solup, soň bolsa saralyp aýrylýandyrlar.

Kelledäki dogrum çişleri: ýaramaz netijeler we bejergisi

Kelledäki dogrum çişleri howpsuz hasaplanýan bolsa-da, gan akmalara meýilli körpelerde ulalyp we wagtynda bejergi geçirilmedik ýagdaýynda iriňläp bilýändigini aýratyn belläp geçmelidir. Bu bolsa örän howply ýagdaýdyr. Gan akma meýliň ýokary bolmagy çaganyň damarlarynyň gowşaklygy, ganyň kadaly lagtalanmagy üçin zerur bolan K, C, D witaminleriniň ýetmezçiliginden döräp bilýändir.

Şunuň ýaly ýagdaýlarda eldetde, doly bejergi tapgyryny geçirme zerur bolup, gan akmany kesiji serişdeler (kalsiý hloridi, wikasol, witaminler), antibiotik serişdeleri (gan ýokançlyklar üçin amatly iýmitlendiriji sredadyr) lukmanyň gözegçiligi astynda ulanylýandyr.

Kelledäki dogrum çişini kefalogematomadan hähili tapawutlandyrmaly?

Ýaňy doglan çaganyň kellesinde dogrum çişini anyklan lukman esasy alamatlara üns bermelidir: dogrum çişi kefalogematomadan tapawutlylykda bir kelle süňküniň çäkleri bilen çäklenmän, birnäçe kelle süňküniň çäklerine ýaýrap gidýändir.

Kefalogematomada gan bir kelle süňküniň üstki gatlagynyň aşagyna ýygnanyp, bir kelle süňküniň araçäginden (şikeslenen depe, ýeňse, maňlaý ýa-da çekge süňkleri) daşyna ýaýraýan däldir. Kefalogematomanyň üstüne basylanda, basylan ýerden tolkunlar ýaýrap gidýän ýaly alamat döreýändir.

Kellede döreýän kefalogematoma

Dogrum kefalogematomasy 100 sany ýaňy doglan çaganyň 1-2 sanagynda duş gelip bilýändir. Dogrumdan söňky günler kefalogematoma dogrum çişleriň "aňyrsynda" gizlenip bildirmän hem biler. Çişler aýrylansoň olar ýüze çykyp bilýändir. Ýöne howatyrlanmagyň zerurlygy ýokdur: süňküsti gatlaga uly bolmadyk gan ýygnanmalar 7-10 günüň dowamynda öz-özünden aýrylyp gidýändirler.

Wagtynda aýrylmaýan kefalogematoma gaýragoýulmasyz bejergini talap edýändir. Bejergi süňküsti gan ýygnanmalary ýörite iňňeleriň kömegi bilen aýyrma çäresini göz öňüne tutýandyr. Bir iňňe ýygnanan gany aýyrmaga niýetlenen bolsa, ikinjisi gandan boşan boşlukda täze gan akmany döredip biljek otrisatel basyşyň döremeginiň öňüni almak üçin ulanylýandyr.

Bu lukmançylyk bejergisi enelerde gorky ýagdaýyny döredip bilse-de, howply we çylşyrymly zat ýokdur. Çünki wagtynda aýrylmadyk kefalogematomanyň iriňläp ýa-da wagtyň geçmegi bilen gatap, kelläniň daşky görnüşini üýtgedip biljekdigini bilmelidir.

Deride döreýän dogrumdan söňky yzlar

Käwagtlar çaganyň boýnunyň öňünde ýa-da yzynda, başga-da dogrum wagty agram düşen başga ýerlerinde derniň çekilmegi netijesinde zolaklar ýüze çykyp biler. Deridäki yzlar ýakyn günler aýrylyp bilýändir.

Enäniň dogrum ýoly dar (dar çanaklyk, uly çaga) bolan halatlarynda çanaklyk süňkleriň basmagy netijesinde şeýle yzjagazlar çaganyň boýnunda, ýüzünde, gulajygynda, saçlarynyň aşagynda döräp bilýändir. Şeýle ýagdaýlarda dörän gan ýygnanan gyzyl tegmiller hem ilki bilen solup, çalt aýrylyp gidýändirler.

Dogrum şikeslenmeleri: umumy alamatlary we getirýän netijeleri

Eger Siziň çagaňyz dogrum wagty şikeslenme geçirip, häzir hem aşakdaky alamatlar syn edilýän bolsa, onda haýal etmän lukmana ýuz tutmak gerekdir:

► Çagany emdirme kynçylyklarynyň döremegi (haýal emýär, ýygy düwünýär), iýeninden söň köp gaýtarmagy;

Çaga ynjalyksyz;

Körpeje gijäniň dowamynda 5-6 gezek oýanýar, gije bilen gündizi çalyşýar;

Çagany içege ýellenmeleri biynjalyk edýär;

Çaganyň boýnunyň bir tarapa gyşarmagy ýa-da öwrülmegi, myşsalaryň gowşaklygy (el-aýagynyň gowşaklygy);

Aglamaýn wagty hem bir gözünden ýaşyň akyp durmagy;

Çaganyň kellesi bilen yza gaýyşmagy.

Eger sizi howatyrlandyrýan alamatlar döräp, olar ol diýen aýdyň ýüze çykmaýan hem bolsa, lukmanyň maslahatyny almagy gijikdirmäň. Dogrum şikeslenmeleriň netijeleri dürli-dürli bolup (psihiki ösüşiň we sözleýiş ukybynyň saklanmagy, çaga beýni ysmazy), dürli saglyk bilen bagly kynçylyklara getirip bilerler.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Lukman 2016-07-28 01:26
Aman!

Ene süýdüni köpeltmegiň çäreleri barada has giňişleýin maglumatlary saýtymyzda ýerleşdirilen "Ene süýdüni köpeltmegiň çäreleri" atly makaladan alyp bilersiňiz. Bu maglumatlar siz üçin peýdaly bolar diýip tama edýäris.
Sitata
 
 
#3 aman 2016-07-25 14:57
Salam hormatly dokdarlar menin ayalymyñ caga dogranyna indi üç gün boldy heniz gowsine süýt gelenok süýt getirmek ücin dâri derman bamy şu barada maslahat beraýseniz şat bolardym.
Sitata
 
 
#2 Talyp gyz. 2014-09-29 09:34
Tesbirçi okyjy! Dogry belläpsiňiz. Göwreliniň zenanyň wagty dolup, dogrum döwri göwreli zenan üçinem, dogurdýan göbek ene üçinem gaty çylşyrymly, jogapkärli döwür. Şonuň üçinem göwrelilik döwrüniň ahyrky hepdelerinde göwreli zenenlar bilen dogrum döwri we dogrum wagtynda nähili özüňi alyp barmalydygy barada (kagyz ýüzünde däl-de hakyky) sapaklar geçirilse peýdaly bolardy.
Sitata
 
 
#1 Okyjy. 2014-09-13 06:52
Hormatly Lukman! Şu döwürde dogrum wagtynda kellesi şikissiz dogýan çaga ýokmuka diýip pikir edýärin. Täze bolan çaganyň kellesiniň daşynda görünip duran şikisleme bolmandada sähelçe wagtdan bäbejigi barlatsaň hökman kelle çanagynda bir näsazlyk tapýarlar. Näme üçin beýle bolýarka!? Ýa kömründen ýa-da demrinden diýilişi ýaly hemme gelinlerimiziň saglygynyň dereksizliginden ýa-da dogrum kabul edýn göbek enelerimiziň dogurtmany alyp barşyndanmyka!?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele