Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik HAÝSY MÖHLETDE DOGURMAK HOWPSUZ?
( 17 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Çaga dogrumynda sekizinji aý bilen deňeşdirilende göwreliligiň ýedinji aýynda dogurmak howpsuz diýýärler. Şu düşünje dogrumyka?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Enesiniň içinde ösýän çaga 36 hepdeden (doly dokuz aý) soňky möhletde doly kemala gelen we daşky gurşawyň şertlerine uýgunlaşmaga ukyply hasaplanýar. Ondan irki hemme möhletlerde hem çaganyň dogulmagy wagtyndan öň hasaplanyp, dürli kynçylyklaryň (nerw ulgamyň näsazlyklary, dem alyş kynçylyklary, ýokançlyklara garşy durmanyň gowşaklygy we başgalar) döremegine getirip biler. Şol sebäpli hem, wagtyndan öň dogma howpunyň alamatlary ýüze çykanda (garynda agyrylar, jynshanadan gan gelme) tizden-tiz bejergini geçirme möhüm bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 Lukman 2014-08-23 10:17
Aýna!
Buşluk suwlary gidensoň dörän ýagdaýa baha bermek üçin lukmanyň gözegçiligini geçmek juda zerurdyr.Dogrum ýollaryň taýynlygy, çaganyň ýagdaýyna baglylykda geçirilmeli çäreleriň tertibi bellenilip bilner.Eger dogrum burgulary özbaşdak başlamasa, ýörite derman serişdeleriň kömegi bilen dogrumy oýandyrma çäresi geçirilip, ol lukmanyň ünsli gözegçiligi astynda alnyp barylmalydyr.
Sitata
 
 
#4 ayna 2014-08-23 04:59
suwun gidenden son togun tutmasa derman bilen togun tutar yaly edip bolyamya
Sitata
 
 
#3 ayna 2014-08-23 04:53
men suwum gitdi yone togum tutanok natmeli dermanlar bilen tog tutdyryp bolyamy
Sitata
 
 
#2 adam 2014-08-17 16:06
salam. maslahat berin adamlar, bir ayal doganymyz 11-nji gowreliligi keserewa boldy we cagasy uzak yashamady. indi 2-nji gowreliligi hazir 7 ayy dolup 8-e gitdi. caga towy tutyarmysh. lukmanlar entak cagan oykeni osmedik diyyaler, shol sebapli entak dogurtmayarlar. sizden hayysym dogrum towlary tutmaz yaly name norodny medot bejergi etmeli. dogtarlar anaprilin we genipral tabletkasyny atmagy maslahat beripdirler.
Sitata
 
 
#1 Mekan 2014-08-15 17:09
Salam lukman виагра barada gurrun berayseniz .Biz sizden hoshal bolardyk
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele