Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik GÖWRELI BOLUP BILMEZLIK KYNÇYLYGY
( 23 Ses Berme )

 

Salam hormatly Lukman! Meniň öylenenime 10 aý bolsada, gelnimiň göwresinde çaga galanok. Lukmanlar barlap caganyň yatgysynyň kadadan kiçidigini we sowuklama ýagdaýynyň bardygyny bellediler. Lukmanlaryň bellän bejergisini keselhanada aldyk, öýdede dowam etdik. Ýöne entek hiç hili netije ýok. Bu meselede Siz nähili maslahat berip bilersiňiz?

Saýtyň okyjysy, Perhat.

 

Hormatly Perhat!

Önelgesizlik kynçylygy babatda barlag geçirme önelgelilik ulgamyny hemmetaraplaýyn barlama çärelerini öz içine alýandyr. Sowuklama hadysasynyň bejerilendigine göz ýetirilen bolup, gerekli netije alynmadyk bolsa barlag çärelerini dowam etmek ýerlikli bolar. Barlag lukmanyňyzyň bellän görkezmeleri boýunça gelniňiziň endokrin ulgamynyň ýagdaýyny anyklamak (jyns gormonlaryna barlag, galkan şekilli mäziň işjeňligini anyklamak), ýumurtgalyklarda aýal öýjükleriniň emele gelşini kesgitlemek ýaly çäreleri öz içine alyp biler. Önelgesizlik meselelerinde erkek adamynyň önelgelilik ulgamy hem (jyns agzalaryň USB-gy, dölüň hil we mukdar taýdan görkezijileri we başgalar) barlanylýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 mekan 2016-10-23 23:12
Salam lukman caga galmasa name etmeli jogap yazayyn
Sitata
 
 
#4 sahra 2016-09-29 22:51
Hormatly lukman men 37 yasymda cagam bolanak 2002de
durmusa cykdym 2003de bir oglym bolly sondan son bolanak.
Sitata
 
 
#3 Dowlet Amangeldiyew 2015-01-14 22:43
Salam lukman aga. Erkeklik dölünin guyclenmegi ucin name etmeli? We naili zatlar iymeli.maslahat berseniz
Sitata
 
 
#2 Allan 2014-12-25 22:29
Salam
Sitata
 
 
#1 Tacmyrat Gullyyew 2014-10-05 12:32
Salam lukman aga men oylendim yone hichili caga galdyryp bilemok onun sebabem gelnimin cep ceti sowuklapdyr sona name maslahat beryaniz
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele