Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik GÖWRELILIK WE BÖWREKDÄKI AGYRYLAR
( 3 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly Lukman! Biz gelnim bilen siziň saytyňyzy uly höwes bilen okaýarys. Meniň gelnim ilkinji göwreliligiň 29-njy hepdesinde. Ol sag böwreginiň dowamly agyryandygyny aýdýar. Şeyle ýagdaýda nähili bejergi almalyka? Maslahatyňyz üçin sag boluň!

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Göwrelilik döwründe böwrek tarapdan ýüze çykýan näsazlyklaryň sebäbini bilmän anyk maslahat bermek kynçylyk döredýär. Bu döwürde Sizde bar bolan böwregiň dowamly keselleriniň beterleşmegi ýa-da göwrelilik döwründe döreýän böwregiň sowuklamasynyň (piýelonefrit), böwregiň giňelmesiniň (gidronefroz) döremegi ähtimaldyr. Anyk bejergi çärelerini bellemek üçin anyklaýyş çäreleriniň toplumyny (peşewiň umumy we Neçiporenko boýunça barlagy, peşewiň bakteriologiki barlagy, böwregiň USB-ny) geçirme zerurdyr. Wagtynda bejerilmedik peşew çykaryş ulgamynyň keselleriniň, göwreliligiň üçünji ýarymynda giçki gestozlara getirip biljekdigini belläp, barlag üçin nefrolog we ginekolog lukmanyňyza ýüz tutmagy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele