Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik GÖWRELILERDE DÖREÝÄN ÇIŞGINLILIK
( 7 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman. Men siziñ saýtyñyzy höwes bilen okaýan. Mende şeýle sorag bar. Meniñ gelnimiñ ilkinji göwreliliginiň 33-34 hepdesi dowam edýär. Gelnimiñ aýagynda hem-de elinde çişler peýda boldy. Bu howplumy? Çişleri aýyrmak üçin nämeleri etmek peýdaly bolarka?

Saýtyň okyjysy, Kerim.

 

Hormatly Kerim!

Dynç almadan soň aýrylyp gidýän, mese-mälim bildirýän çişginlilik göwreliligiň bu möhleti üçin mahsus alamat bolup, duzuň we suwuklygyň çäklendirilmegi çişginliligiň ýaýbaňlanmagynyň öňüni alyp biler. Ýöne bedendäki çişleriň ýaýrap, gan basyşynyň ýokarlanmagy we peşewde belogyň tapylmagy bilen utgaşan ýagdaýynda, bu ýagdaýa has ünsli çemeleşip, bejergini keselhana şertlerinde alma zerurlygyň döreýändigini bellemelidir. Bu alamatlaryň hemmesi, göwrelä we çaga ýaramaz täsir edýän giçki gestozyň başlanýandygyndan habar berýändir.

Şu ýagdaýlary göz öňüne tutup hem-de gelniňizi barlagdan geçirip, dörän çişginliligiň derejesini kesgitlemek üçin, Size gözegçilik edýän lukmana ýüz tutmak peýdaly bolar.

Şeýle-de, bu ýagdaýlar barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwrelilik döwründe döreýän giçki gestozlar: tapgyrlary, alamatlary we öňüni alyş çäreleri" atly makala bilen tanyşmaklygyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Lekar 2014-04-13 00:16
Lukman dogry belläpdir.Hokman böwregiň we peşewiň barlagyny geçiriň.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele