Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik ÇAGA ÝAN SUWLARYNYŇ HAPALANMAGY
( 10 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Men 19 hepdelik göwreli gelin. USB-ny geçemde göwrämdäki çaganyñ ýan suwunyñ hapalanandygyny aÿtdylar. Munuñ nähili ÿüze çykyšyny we howplulygy barada düşündiriş bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Çaganyň ýan suwlarynyň hapalanmagy onuň dowamly kislorod ýetmezçilikli ýagdaýa düşenliginden habar berýär. Enäniň dürli keselleri- ýörek-damar we peşew-çykaryş ulgamynyň keselleri, gan azlylyk, süýji keseli, dürli ýokançlyklar ene-çörekçe-çaga gan aýlanşygynda bozulmalaryň döremegine getirip, kislorod ýetmezçiliginiň sebäbi bolýandyr. Kislorod ýetmezçiligi çaganyň artbujagynyň gysylyp, ilkinji çaga täretiniň-ýaşylymtyl reňkli mekoniniň çykyp ýan suwlarynyň hapalanmagyna getirýär.

Bu ýagdaýyň bejergisinde sebäp bolan keseli bejermek, ýatgy-çaga gan aýlanşygy gowulandyrýan (aktowegin, trental), çörekçäniň kislorody kabul edişini ýeňillerşdirýän(essensiale), kislorod üpçünçiligini ýokarlandyrýan (glýukoza, C witamini, E witamini) serişdeleri kabul etmek peýdaly netijeleri berer. Bejergi tapgyry geçenden soň, gaýtadan çaganyň ultrases barlagyny, 19-24 hepde aralygy doppler barlagyny geçme, çaganyň we onuň ýan suwlarynyň, gan aýlançygynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge kömek eder. Öz lukmanyňyzyň gözegçiliginde boluň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#9 Lukman. 2016-03-22 17:50
Bahar!
Ýokardaky jogapda görkezilşi ýaly, çaga ýan suwlarynyň hapalanmagy netijesinde bellenilýän bejergi oňa getiren sebäpleri aradan aýyrmaga, çaganyň kislorod bilen üpçünçiligini kadalaşdyrýan derman serişdeleri ulanmaga gönükdirilen bolmalydyr. Siziň geçen barlaglaryňyzyň netijesine we göwreliligiň gidişinde ýüze çykan ýagdaýlara seljerme berip, degişli bejergini almak üçin, Size gözegçilik edýän lukmanyň maslahatyny almak netijeli bolar.
Sitata
 
 
#8 bahar 2016-03-21 12:08
Salam menin gowramdaki çaga 23 hepde ýan suwy hapa diyyaler munun üçin name liçenýa alynsa gowy bolar
Sitata
 
 
#7 sohrat 2014-03-24 16:44
Yan yoldasyn gowreliligini nadip bilmeli
Sitata
 
 
#6 Lukman 2014-03-24 01:49
Hormatly Bahar!
Siziň keselhanadan bejergi alyp çykanyňyz begendirýär we bejerginiň netijeli bolmagyny hem-de Ene diýen belent ada sag-aman ýetmegiňizi arzuw edýäris.
Bejerginiň zyýansyzlygy babatda degerli maslahat bermek üçin, alýan derman serişdeleriňiziň görnüşini bilmek netijeli bolardy. Lukmanyňyz tarapdan keselhana ýerleşdirilmegiňiz bolsa, eýýäm beriljek bejerginiň çaga üçin zyýansyz boljagyndan güwä geçýär.Berlen umumy soraga anyk jogap berme mümkinçiligiň bolmazlygy, Siz tarapdan takyk maglumatlaryň ýoklugy bilen bagly boldy.
Sitata
 
 
#5 Okyjy. 2014-03-24 01:21
Okyjy bahar! Bagyşlaň, saýt size "skoraýa pomoş" däl-ä, häh diýeňde mäh diýer ýaly. Onsoň hem seniň ýagdaýyňy gören, bejergi berýän we beren lukmandan şol wagt sorap bolanokmy!?
Sitata
 
 
#4 bahar 2014-03-23 14:12
Sagbolyň beren maslahatyňa men eýýäm bijergimi alyp çykdym indi kesel bolmakam öňünden maslahat soraryn nesip bolsa jogaby wagtynda berler ýaly.
Sitata
 
 
#3 bahar 2014-03-21 09:21
27 hepde ppn 1nji a dereje kop suwlylyk diyip 7gunlik yatymlayyn bejergi alyaryn, bejergi caga ucun zyyansyz bolarmyky lukman hemde shu barada gysgajyk aydaysanyz sagbolun.
Sitata
 
 
#2 Saglyk 2014-03-12 16:35
Okyjy Durmuş salam! Näme diýjek boldyňyz. Saglyk diňleýär, pikirleriňize, teklipleriňize sabyrsyzlyk bilen garaşýar.
Sitata
 
 
#1 durmush 2014-03-12 16:09
Salam saglyk
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele