Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik AÝBAŞY BOZULMASY
( 11 Ses Berme )

 

Salam lukman! Men daşary ýurtda okayan we her ýyl öye gidip okaýan ýurduma gaýdamsoň bilimiň geliş tertibi üýtgeýär. Ýöne bu gezek 4 ay bilimiň gelmändigi sebäpli ciklodinon gerdejigini kabul edemsoň aýbaşym 1 hepde geldi. Indi hem ýene 2 aýlap gelmänsoň men USB-ny geçdim. Maňa "nedostatoçnost 2 fazy" diýen kesel kesgidini goýdular. Bu nämäni aňladýarka we men nähili bejergi almaly bolaryn?

Saýtyň okyjysy, Aýläle.

 

Hormatly Aýläle!

Aýbaşy halkasy iki sany bölekden ybarat bolup, onuň birinji ýarymynda ýatgynyň nemli örtüginde mäzleriň ösüş hadysalary agdyklyk etse, ikinji ýarymynda ösen mäzjagazlaryň "bişişmegi" we aýbaşa taýynlanma dowry başlanýandyr. USB-gy Sizde aýbaşynyň ikinji ýarymynyň, ýagny bu hadysalary geçirýän progesteron gormonynyň ýetmezçiligini beýan edipdir. Elbetde, size jynsy gormonlaryň derejesini kesgitlemek we endokrin ulgamyň başga näsazlyklaryny aýdyňlaşdyrmak üçin ginekolog lukmanyna ýüz tutmak ýerlikli bolardy. Lukman Size barlagdan soň, progestinleri saklaýan (progesteron, dýufaston, uterožestan, norkolut we baş.) derman serişdeleri bilen tapgyrlaýyn bejergini bellär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele