Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik TOSLAMAMY ÝA-DA HAKYKAT?
( 5 Ses Berme )

 

Salam, hormatly lukmanlar! Türkmen halkynyň ýaşaýyş medeniýetinde müňlerçe yrymlara duş gelinýär. Käbirleri lukmançylyk taýdan tassyklanýan bolsa, käbirleri lukmanlarda gülki döredýär. Meniň şeýle soragym bar. Ýaşy uly zenanlarymyz aýala çaga doguran badyna uklamagy gadagan edýärler. Eger derrew uka gidäýse, aýal maşgalanyň psihikasyna zeper ýetýärmişin. Şu toslamamy ýa-da hakykat? Jogabyňyza öňünden minnetdarlygymy bildirýärin.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Ýokarda agzalyp geçilen yrym ylmy esassyz bolup, lukmançylyk ylmy tarapdan düşündirişe eýe bolan düşünje däldir. Dogrumdan soňky irki möhletde, ýaňy doguran aýalyň umumy ýagdaýyna gözegçilik edip, dögrum ýollary barlagdan geçirilýän wagty, elbetde, aýal bilen sözleşmek üçin onuň uklamazlygy zerurdyr. Aýal çaga dogurdylýan otagda 2 sagat gözegçilikde bolup, dogrumdan soňky otaga geçirilensoň, aýal üçin ýatyp dynç almak peýdaly hasaplanýandyr. Onda-da lukmanyň kadaly gözegçiligi dowam etmelidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Beg. 2015-02-14 01:21
Toslama bilen hakykatyň arasy ýer bilen gök ýalydyr. Toslama akyly pes adamlaryň pişesidir.
Sitata
 
 
#2 Emine. 2015-01-26 00:27
Toslama özüňi, şonuň bilen birlikde özgeleri hem aldamak bilen deňdir. Toslama ynanýan adamlar nalajedeýin bolýarlar, olar sähelçe zatdan, ýagny çybyndan düýe ýasajak bolup dyrjaşýarlar.
Sitata
 
 
#1 Weýis. 2015-01-12 00:22
Toslamalar öňem bolupdyr, häzirem bar, soňam bolar, ýöne olara pikir berip ýörmek diňe başyňy agyrtmakdan başga zat däl.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele