Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik AŞ SAÝLAMA KYNÇYLYKLARY
( 5 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Meniň gelnim iki aýlyk göwreli, häzir aş saýlama döwrüni başdan gecirýär. Ol kän zat iýenok, diňe ögeýär, gaýtarýar. Indi ýöne gyzylödegim agyryp dur diýýär. Şeyle hem sag tarap böwregim agyrýar diýýär. Biz siziň maslahatyňyza örän mätäç. Sag boluň!

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Aş saýlama alamatlary ýüze çykanda ýagsyz, gaty gyzgyn bolmadyk naharlary ýygy-ýygydan iýmek (günde 5-6 gezege çenli), suwuklyklary bolsa nahar kabul etmeleriň arasynda içmek maslahat berilýändir. Aş saýlama alamatlary güýçli derejede ýüze çykyp, beden suwsuzlanmasy ýagdaýy dörände, serukal, doprokin, toksikoz-stop ýaly serişdeleri ulanma we bedene damja görnüşde erginleri (dekstroza, duz saklaýjy erginleri) göýberme zerurlygy döreýändir. Orta we agyr derejeli aş saýlama keselhanada bejerilýär. Sag böwregiň agyrmasy bar bolan böwrek keseliniň beterleşmegi ýa-da güýçli aş saýlamanyň gaýraüzülmesi höküminde döräp biler. Zerur barlaglary (peşewiň we ganyň umumy barlagy, peşewiň asetona barlagy, böwregiň, bagryň USB-ny we baş.) geçip, bejergini almak üçin degişli Saglyk öýüňiziň aýal lukmanyna haýal etmän ýüz tutmak zerurdyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele