Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik ÝUMURTGA ÖÝJÜGINIŇ AÝRATYNLYGY
( 6 Ses Berme )

 

Salam hormatly lukmanlar! Bize gyzykly maglumatlary ýetirip durýanlygyňyz üçin Size minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Meni gyzyklandyrýan bir sorag bolup, ol jynsy gatnaşyklara degişlidir. Oglanyň jynsy agzasynyň gyjynmagy netijesinde dölüň bölünip çykýandygy hemmelere belli. Bu ýagdaý gyzlarda hem bolýarmy? Ýumurtga öýjükleri hem döl ýaly daşyna çykyp bilýärlermi? Eger bolýan bolsa, ol ýagdaý nähili amala aşyrylýar?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Aýal we erkek fiziologiýasy özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýandyr. Ýetişen aýal öýjükleriniň ýümurtgalykdan çykyp, ýatgy turbajyklarynyň ösüntgileri tarapyndan "gapyp alynmagy" hem-de turbajyklaryň içine düşürilmegi aýbaşy halkasynyň (esasan onuň ortasynda) belli günlerinde bolup geçýändir. Şol günler hem göwreliligiň emele gelmegi üçin ýaramly fiziologiki günler bolup, jynsy öýjükleriň birleşmegi netijesinde çaga düwünçegi ýatgy turbajyklaryň içinde emele gelýändir. Göwreliligiň bolmadyk ýagdaýynda, aýal öýjügi "ölýändir" (ol ortaça 24-48 sagat ýaşaýar) we onuň çykan düwme görnüşli emele gelmesi (follikul) üýtgemelerden söň "ýitip gidip", ýatgyda aýbaşy gelmegini üpjün edýän hadysalar başlanýandyr. Bu fiziologiki hadysalaryň hemmesi çylşyrymly endokrin üýtgemeler arkaly amala aşyrylyp, aýalyň seksual isleginiň ýa-da gyjynmasynyň döremegi, aýal öýjükleriniň emele gelmegine täsir edip bilýän däldir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Lukman 2015-03-27 01:49
Jeren!
Adamyňyzda haýsy witamin ýetmezçiligi bar? Witaminleriň dürli görnüşiniň ýetmezçiligi dürli-dürli alamatlar bilen ýüze çykyp, dürli bozulmalara getirip biler. Meselem, gan azlylyk, nerw ulgamynyň näsazlyklary,immun ulgamynyň gowşamagy, deri keselleri,dölüň hil taýdan üýtgemegi we başgalar. Göwreliligi meşilleşdirmezden öň, jübütlere saglyk babatda barlagdan geçip, görkezme boýunça taplandyryjy bejergini almak peýdaly bolup biler.
Sitata
 
 
#1 Jeren 2015-03-25 11:11
Salam hormatly saytyn okyjylary menin adamymyn witamib yetmezciligi bar sol yetmezcilik hem menin chagamy zyyan yetirip bilermika? Sol barada bir maslahat berayseniz
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele