Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik EMELI TOHUMLANDYRMA
( 9 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Meniň adym Aman. Biziň çagamyz bolanok. Şol sebäpden hem, Türkmenistanda emeli tohumlandyrma  geçirilýän keselhanalaryň salgylaryny we bejeriş çäreleri geçirmegiň möhletleri barada habardar edäýseňiz Sizden minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy, Aman.

 

Hormatly Aman!

Önelgesizlige getiren sebäpleri anyklap we bejergi çärelerini geçirmek, şonuň ýaly-da, ekstrakorporal tohumlanmany geçirmek üçin görkezmeleri kesgitlemek üçin Aşgabat şäherinde ýerleşýän "Ene mähri" merkezine ýüz tutyp bilersiňiz. Ýüz tutýan jübütleri barlagdan geçirme we ýüze çykan bozulmalary aradan aýryp, tohumlanmanyň şowly geçmegi üçin taýarlyk çäreleri, bozulmalaryň häsiýetine görä dürli möhletleri düzüp biler. Bu çäreleriň dowamlylygy we şowly geçme mümkinçiligi barada takyk maglumaty, barlaglardan soň lukman kesgitläp biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 arslan 2015-11-06 02:40
Haladym saydynyzy dine peydaly zatlar bar
Sitata
 
 
#4 arslan 2015-11-06 02:37
A
Sitata
 
 
#3 ahmet 2015-01-18 23:47
Salam Lukman! Bizin toy edenimize 4 ay boldy cagamyz galanok ikimizin yashymyzam19 name sebapdenka bilemizok komek etseniz gaty minnetdar bolardyk hayys sizden!
Sitata
 
 
#2 Lukman 2014-10-12 00:49
Çeper!
Çagaňyzyň wagtyndan öň doglup, 4 aýdan soň aýrylmagyna näme sebäp bolduka? Siz barlaglardan geçdiňizmi we Sizde nähili bozulmalary anykladylar? Size nähili bejergi berdiler? Saglygyňyzyň we önelgelilik ulgamynyň ýagdaýyny anyklamaga ýardam berýän barlaglaryň netijelerini bilmezden, dogry we peýdaly maslahat bermek kynçylyk döredip biler.
Sitata
 
 
#1 ceper 2014-10-11 20:57
Salam men gowramde galanok .bir cagam boldy 8 aylyk bolup doguldy 4 ay yashap ayryldy. Indem bir yyldan gecdi gowramde galanok. Bejergem aldym. Shol bejerginin alty ay cenli guyji bar eken. Manada maslahat berayseniz? Lukman!
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele