Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik GÖWRELILIK
( 3 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Dokuz aýlyk göwreli aýalyň gasygy agyrýar. Bu howplumyka?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly  okyjy!

Göwreliligiň  9-njy  aýy  öz içine  33-36 akuşer  hepdeleri alyp ,  34-35 hepdä çenli  gasykda hem-de bilde ýüze  çykýan agyrylar wagtyndan  öň dogma howpunyň alamatlary bolup bilýändir. Şeýle ýagdaýlarda lukmanyň gözegçiliginden soň, degişli serişdeleri ulanmak dogry bolar. 9-njy aýyň soňunda döreýän gasykdaky agyrylar çaga dogrumyna taýynlaýjy burgular bolup, olar kem-kemden kadaly dogrum güýçlerine geçip biler. Çaga olar hiç hili zyýan ýetirip bilmeýär. Ýöne agyrylaryň güýjemegi, çaganyň ýan suwlarynyň wagtyndan öň gelmegi, jynshanadan ganly , iriňli bölünip çykmalar lukmana gyssagly ýagdaýda ýüz tutmak üçin görkezme bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#13 Lukman 2014-03-31 23:36
Leýla!
"Şeýle häsiýetli jynsy gatnaşyklar" diýmek bilen, men sözüň doly manysynda göz öňüne tutulýan jynsy gatnaşyklary barada söz açman,Maraly gyzyklandyrýan sorag boýunça jogap berdim.Kadaly geçýän göwrelilikde aýalda aýbaşy gelmeýär.
Sitata
 
 
#12 Leyla 2014-03-31 03:58
Hormatly Lukman!
Shu yerde siz ".Şeýle häsiýetli jynsy gatnaşykdan soň aýbaşynyň gijä galyp gelmegi başga sebäpler netijesinde hem bolup biler"(Marala yazan jogabynyzda) eysem gowrelilik bolsa aybashy gelyarmi ?
Sitata
 
 
#11 Lukman 2014-03-31 03:32
Maral!
Gyzlyk alynmazdan,daşky jynsy agzalara ýanaşylyp, dölüň dökülmegi netijesinde göwreliligiň galma ähtimallygy juda pes hem bolsa, şeýle ýagdaýlar lukmançylyk edebiýatynda beýan ediýär.Şeýle ýagdaýlarda göwreliligiň galmagy erkeklik öýjükleriniň mukdaryna we işjeňligine baglydyr.Şeýle häsiýetli jynsy gatnaşykdan soň aýbaşynyň gijä galyp gelmegi başga sebäpler netijesinde hem bolup biler.Size göwreliligi anyklaýan test barlagyny ýa-da jyns agzalarynyň ultrases barlagyny geçirme anyk maglumatlary berip biler.
Sitata
 
 
#10 Maral 2014-03-31 02:37
Salam Hormatly Lukman!
Shu sayt arkaly sizing beryan maslahatynyzdan kop zady owrenyas,ilki bilen size ullakan minnetdarlygymyzy bildiryan.Hormatly lukman mende sheyle sorag bar gyzyn gyzlygy alynmazdan jynsy gatnashygy gechirmegi netijesinde gowrede chaga galmak ahtimallygy ulymy ?eger jynsy gatnashykdan sonra gyzyn aybashy gija galyp gelse (1 aydan kop wagt) gowrede chaga galyp bilermi ?
Sitata
 
 
#9 Lukman 2013-09-15 23:59
Hormatly Aýjeren!
Göwreliligiň 5-nji hepdesinde jynshanadan ganly bölünip çykmalaryň ýüze çykmagy, göwreliligiň düşme howpynyň döränliginden habar berýär Onuň sebäbini anyklamak üçin öz lukmanyňyza ýüz tutuň.Goraýyş düzgünini berjaý etmek (hereketleri,agyr fiziki zähmeti aradan aýyrmak),progesteron gormonyny (dýufaston,uterožestan)belli tertipde ulanma, ýatgynyň ýygrylmalaryna garşy serişdeler (platifillin), gan akmany duruzýan serişdeleri almak peýdaly netijeleri berer.Bejergiden öň ultrases barlagyny geçirme bejergini doly bellemäge kömek edip biler.
Sitata
 
 
#8 ayjeren 2013-09-15 20:53
Hormatly lukman. Men gowreliligimin 5 hepdeliginde gan gorundi. Bu howplymy.
Sitata
 
 
#7 Leyla 2013-05-08 23:59
Maslahatyngyz uchin kop sagbolung hormatly Lukman!
Sitata
 
 
#6 lukman 2013-05-05 00:21
Hormatly Leýli!
Meniň düşünşime görä, garyn myşsalarynyň çeýeliginiň ýokarlanma alamatyny siz garyn boşlugynda dörän çiş diýip hasaplapsyňyz.Eger siz garnyň öňki diwarynyň myşsalarynyň şeýle ýagdaýyny gazanan bolsaňyz, onda bu geşirilen türgenleşmeleriň netijeliliginden habar berýär.
Sitata
 
 
#5 Leyla 2013-05-04 07:32
Sagbolung hormatly Lukman!
Ginekolog barlagdan gechdim.UZB dushdum gaytadan.yok mende uytgeshiklik duymadylar.1zady aytmagy unudypdyryn men sportyn ylgamak gornushine gyzyklanyadym dowlet yaryshlaryna hem gatnashyadym.Gapyrga bilen gowegin ashagyna chenli orun alan gaty chish bu Upr press bolup biler diydiler.Meni hayran galdyran yeri ol ong ylgayan wagtym yokduda.bes edemsong dorapdir.Entek yash ekenin sabyrly bol diydiler hormatly Lukmanlar.
Sitata
 
 
#4 lukman 2013-05-01 00:01
Hormatly Leýli!
Aýbaşyňyzyň dowamly gelmegi,gasykdaky agyrylar jynsy agzalaryň sowuklama keselleriniň,ýumurtgalaryň işiniň bozulmalarynyň alamatlary bolup ýüze çykyp biler.Size bildirýän göbegiň ýanyndaky çişiň başga ýagdaýlaryň alamaty(meselem göbek ingisi) hem bolup bilýändigini bellemelidir.Siz hirurg we ginekolog lukmanlarynyň barlagyny geçdiňizmi?Göwreliligiň döremegi hemme oňa mahsus alamatlar bilen ýüze çykmasa hem, 1 ýa-da 2alamatyň bolmagy syn edilýändir.Siz göwreliligi çak edýän bolsaňyz ilki bilen göwreliligi anyklaýan duýgur testl geçirmegi maslahat berýärin.Umuman,sizde döreýän alamatlaryň sebäbini anyklamak üçin gaýtadan barlagdan geçme gerekdir.
Sitata
 
 
#3 Leyla 2013-04-29 21:47
Ya-da mende guychli sowuklama barmyka aybashym gelende gobegiming ashaklary sanjyp agyrya,dine aybasy dowrunde dal sahel sowuk cekse hem agyrya we cisya.Ayallar lukmanyna yuz tutsam bilerlermi ya yenede Uzb dan gechmek zerurmy?
Sitata
 
 
#2 Leyla 2013-04-29 10:39
Salam hormatly Lukman!
Menin yasym 19 durmus guranyma 4 ay boldy.Emma aybasym dowamly gelya as saylamayan,umuman aydanda mende hic hili alamat yok.Dine gowegimin towereginde cis bar 2 ay bari Uzb barlagyndan gecdim.Sende uytgesme yok didiler.Hich hili alamatsyz gowrede caga galyp bilermi?Ginisleyin dusunje berayseniz yoldasym bilen sizden hosal bolardyk.
Sitata
 
 
#1 Leyla 2013-04-29 09:49
Hormatly lukman !
Hich hili alamatsyz(aybashynyng dowamly gelmegi,ash saylamazlyk,yurek bulanmasyz,gowsung agyrmasy )gowrelilik osup bilyami,yagny gowrede chaga galyp bilermi yada bilmezmi?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele