Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik NÄSAG ÝÜREK BILEN ÇAGA DOGURMAK BOLÝARMY?
( 3 Ses Berme )

 

Salam, hormatly lukman! Stenokordiýa we güýçli miokardiýa bilen keselli gyz maşgalalar çaga dogurmaga ukyplymy? Bu gelejekde olar üçin howply bolmazmy?  Şu barada kyn görmän, doly düşündiriş berseňiz minnetdar bolardyk.  Operasiýa edilen ýagdaýlardan soň hem biynjalyk edýän ýagdaýy-da, bejergi alýan ýagdaýy-da göz öňüne tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Dürli sebäplere görä ýüze çykýan miokarditler göwrelilikde seýrek duş gelýär. Eger göwreli aýalda öň ýokanç kesellerden soň dörän miokardit bar bolsa, göwrelilik döwründe ol ekstrasistoliýanyň (ýürek ýygrylmalarynyň bozulmagy) ýüze çykmagyna sebäp bolup biler. Göwreliligiň geçişi miokarditleriň sebäbine we geçiren gaýraüzülmelerine  bagly bolup, ýürek gabsasynyň  kemçilikleri bilen utgaşmadyk miokarditler seýrek halatlarda ýüregiň ýetmezçiligine getirýärler. Ýokanç keseller sebäpli döreýän miokarditler wagtyndan öň dogma howpyuny döredip bilerler. Miokardit ýüregiň urşunyň bozulmalary (aritmiýalar) bilen gaýraüzülende damarlarda gan lagtalarynyň ýüze çykyp, damarlary dykma howpuny döredip bilerler. Agyr gaýraüzülmeler bilen geçýän miokarditler göwreliligiň 12 hepdesinden kiçi möhletde emeli abort  geçirme, uly möhletlerde bolsa kesarewo kesimi (kiçi ýa-da wagtyndan öň) geçirmek üçin görkezme bolup bilerler.

Stenokardiýa, gan aýlanyşygynyň wagtlaýyn bozulmalary sebäpli gursakda gysgawagtlaýyn döreýän ýygrylma, ýanma, basylma duýgularynyň döreme ýagdaýy bolup, ol ýüregiň işemiýa (gan aýlanyşygynyň ýetmezçiligi) keseliniň görnüşidir. Stenokardiýa esasan 45-50 ýaşdan uly erkek adamlarda duş gelip, aýbaşydan galma döwrüne çenli aýallar (estrogen gormonynyň täsiri) beýle üýtgemelere durnukly bolýarlar.

Göwrelilik döwründe umumy ganyň mukdarynyň köpelmegi, ýüregiň kisloroda bolan  mätäçliginiň artmagy stenokardiýanyň alamatlarynyň ýaýbaňlanmagyna getirip biler. Stenokardiýanyň II, III, IV  funksional klaslarynyň alamatlarynda göwreliligi saklama baradaky soraga seredilmelidir. Miokarditli we stenokardiýaly göwreli aýallar akuşer-ginekologyň we kardiolog lukmanlarynyň berk gözegçiliginde saklanyp, göwreliligiň belli möhletlerinde öňüni alyş keselhana bejergisi geçirilmelidir.

Hormat  bilen, saýtyň ginekolog lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele