Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik SÜÝDÜM NÄME ÜÇIN KESILÝÄRKÄ?
( 3 Ses Berme )

 

 

Salam, lukmanlar! Meniň ýakynda ikinji çagam dünýä indi. Her gezek çagam iki aýlyk bolanda, süýdüm keselýär. Munuň sebäbi nämekä? Gerekli maslahat berseňiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Çagasyny emdirýän aýallaryň diňe 5%-de süýdüniň azalyp kesilmegi saglyk ýagdaýy sebäpli (genetiki bozulmalar ýa-da düýpli endokrin bozulmalary) bolup geçýändir. Galan ýagdaýlarda ol aradan aýryp boljak sebäpler arkaly ýüze çykyp biler:

  • Psihologiki jähtden enäniň emdirmäge taýynlygynyň bolmazlygy;
  • Göwrelilik we emdirme döwri ýeterlik iýmitlenmäniň bolmazlygy;
  • Maşgaladaky dartgynlylyk ýagdaýy, stressler, işe çykma zerurlygy;
  • Çaganyň göwüsden seýrek emdirilmegi;
  • Çaganyň wagtyndan ir we sebäpsiz emeli süýt ýa-da süýtli bolmadyk önümler bilen goşmaça iýmitlendirilmegi;
  • Çagany islegi boýunça däl-de, ýörite bellenen tertip bilen emdirmek.

Ondan başga-da, kadaly emdirme dowam edip duran wagty hem, süýdüň birden azalmagy ýüze çykyp, ol ýagdaýa "emdirme krizi" diýilýär. Bu ýagdaý, enäniň bedeniniň ösüp barýan çaganyň talaplaryna uýgunlaşyp ýetişmeýänligi bilen düşündirilýär. Emdirme krizleri çaganyň ömrüniň 3, 4, 7, 8 aýlarynda ýüze çykyp, ol 3-4 gün dowam edýär.

Bu döwürde enäniň çagasyny ýygy-ýygy emdirmegi, süýdüň azalmagynyň öňüni alyp, emdirmäniň kadalaşmagyna kömek edýär. Emdirýän ene süýdüni şu maksat üçin iýmit önümçiliginiň öndürýän "Femilak", "Enfd-mama", "Olimpik" belokly we witaminli garyndylaryň, käşirden, ukropdan, fenhel, tozgadan, buýandan, çeňňeli, melis, itburundan taýynlanan gaýnatmalaryň, witamin-mineral garyndyly serişdeleriň we "Apilaktin", "Apilak", "Laktogen" ýaly biologiki işjeň goşundylaryň kömegi bilen köpeldip biler.

Esasy zat Siziň ene süýdi bilen çagaňyzy emdirjekdigiňize bolan ynamyňyzyň mizemezligindedir. Emdirme bilen bagly kynçylyk ýüze çykanda Size peýdaly maslahatlar bilen maşgala lukmanyňyz hem kömek edip biler. Bu babatda Size Eneleriň we çagalaryň saglygyny goraýyş merkezleriň ene süýdi bilen iýmitlendirme boýunça hünärmen lukmanlary hem degerli maslahatlary berip bilerler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele