Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik GÖWREDE ÇAGA GALYP BILERMI?
( 27 Ses Berme )

 

 

Biz ýaňy-ýakynda toý etdik. Şondan bäri 2 aý geçdi, emma aýalymyñ göwresinde çaga galanok. Men aýalym bilen jynsy gatnaşykda bolanymda, onuñ jyns agzalary çygjarmaýar we kän gyjynmaýar. Şeýle ýagdaýda aýalymyñ göwresinde çaga galyp bilermi? Onuñ göwresinde galar ýaly näme etmeli?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Aýalyň jyns agzalarynyň çygjarmagy onuň jynsy höwesine, bedeniň duýgur nokatlarynyň gyjyndyrylmagyna baglydyr. Jyns agzalarynyň guraklygy bilen önelgesizligiň baglanşygy ýokdur. Lukmanlaryň bellemegine görä, toýdan soňky kadaly är-aýal gatnaşyklaryna garamazdan, bir ýylyň dowamynda çaga galmasa, önelgesizlik ýagdaýynyň bardygyndan habar berýändir.

Är-aýal gatnaşyklatynyň üsti bilen biri-biriňizi öwrenmegiňizi maslahat berýäris we çaga galmazlyk meselesinde sabyrly bolmagy ündeýäris.Wagtyň geçmegi bilen bu meselede kynçylyk ýüze çyksa, aýalyňyzyň ginekolog lukmanyna barlag üçin ýüz tutmagyny maslahat berýäris.

Saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#3 Gowher 2016-01-29 12:50
Men durmusa cykanyma 3 ay boldy mende caga galanok lukmana barlatsam gowy diyya
Sitata
 
 
#2 Merdan 2015-06-15 23:16
Gyz erkek bn gatnaşyk etmesede onuň göwresinde çaga galyp bilermika, öz özüniň islemegi bilen baglanşykda, daş gulakdan eşidişime göra bolýan zat diýýaler, siz nahili maslahat berip bilersiňiz lukman
Sitata
 
 
#1 Aly 2012-03-21 10:31
Sabyr ediñ
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele