Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Önelgelilik
( 10 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Meniň durmuşa çykanyma 5 ýyl bolup barýar. Durmuşa çykanymdan 2 ýyl soň göwramde caga galdy. Göwreliligiň 9 aýyndan alanymda içimden sanjy tutup başlady we biz dogrum öýüne baranymyzda, çagamyň içimde ölendigini aýtdylar. Ondan bäri 2 ýyl geçdi, ýöne göwrämde çaga galanok. Onuň sebäbi nämeden bolup biler?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 4 Ses Berme )

 

 

Salam lukman. Meni gyzyklandyrýan soraga jogap bermegiňizi haýyş edýärin. Menin gan toparym rezus otrisatel. Hazir çagamy göwüsden emdirýarin. Bu çagam üçin zyýanlymy?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 6 Ses Berme )

 

 

"Salam lukman. Meniñ 2 aýlyk çagam bar. Çep göwsüm bilen emdirip bilemok, emdirsem tirse-tirse ýarylýar we emzik içine gidýär. Bu nämeden şeýle bolup biler? Ýöne göwsümde gatylyk ýok. Men çaga emdirýän döwrüm bejergi alyp bilerinmi?"

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 16 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Men bir aýlyk göwreli. Içimiň gatamagyndan kösenýärin. Bu döwürde içiňi ýöreder ýaly nähili dermanlardan peýdalanmak howpsuz?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 45 Ses Berme )

 

Salam hormatly lukman! Allaha Şükür, ýañy-ýakynda biziñ gyzjagazymyz boldy. Şu wagt 20 günlük. Enâniñ süýdüniň yzygiderli inmegi üçin nähili düzgünlere eýermelidigini aýdyp berseňiz Sizden hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

 

Salam lukman! Biziň 3 aýlyk gyzymyz bar we ol ene süýdi bilen iýmitlenýär. Soňky günler göwnümize bolmasa ene süýdi ýetmeýän ýaly bolup dur. Ony men aýalymyň gaty ýadaýandygy bilen baglanyşdyrýan. Ene süýdüni köpeltmek üçin nämeler etmelikä?

Saýtyň okyjysy.

 
( 16 Ses Berme )

 

 

Hormatly lukman! Göwrelilere kofe içmek bolýarmy?

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 5 Ses Berme )

 

 

Salam Lukman! Menin gelnim göwreli we käbir sebäplere görä hassahanada bejergi aldy. Hassahanadan çykandan son lukman gelnime, Dinepral gerdejiklerini içmegini maslahat beripdir, ýöne ähli dermanhanalara aýlandym welin Ginipral gerdejikleriniň barlygyny, Dinepral dermanynyň ýoklugyny aytdylar. Şu maslahat berlen gerdejikler barmyka we ulanylanda olaryň täsirleri nähilikä?

Saýtyň okyjysy.

 
( 11 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Bizden çaga bolmaýanlygy sebäpli, gelnim emeli tohumlandyrma esasynda göwreli boldy. Häzir göwreliligiň 7-nji hepdesi dowam edýär. Göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyk çaga üçin hökmanmyka? Barlaglar meniň dölümiň hiliniň pesligini görkezdi. Jynsy gatnaşyk wagty ol çaga zyýan ýetirip bilmezmi?

Saýtyň okyjysy.

 

 
( 24 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Meniň aýalym göwreli bolanok. Aýbaşydan naçe wagt soň we aýbaşa naçe wagt galanda caga galma mümkinçiliginiň bardygyny aýtsaňyz sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

 

 
( 29 Ses Berme )


"Salam hormatly lukman! Göwreliligi anyklamak üçin ulanylýan testler barada giňişleýin gürrüň berseňiz hoşal bolardyk".

Saýtyň okyjysy.

"Salam lukman! Men göwreli bolmak üçin iki gezek bejergi aldym. Indi hem aýbaşymyň gelmeli gününden 10 gün geçdi. Men göwreliligi anyklaýan testleri haçan ulansam dogry bolarka?"

Saýtyň okyjysy.