Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy ÝATGY BOÝUNJYGYNYŇ ÝARASY SEBÄPMI?
( 9 Ses Berme )

 

 

Menin bir çagam boldy. Indi göwrämde çaga galma kynçylygy döredi. Lukmanlar meni barlap, ýatgymyň boýunjygynda ýaranyň bardygyny, ýöne onuň çaga galmazlygynyň sebäbi bolup bilmeýändigini aýtdylar. Indi men name etmeli? Men ýarany bejertmesem hem mende çaga galarmyka?

Saýtyň okyjysy, Ogulbaýram.

 

Hormatly Ogulbaýram!

Dogrudan hem, ýatgynyň boýunjygynyň ýarasy (eroziýasy) çaga galmazlygynyň sebäbi bolup bilmez. Ýöne özwagtynda bejergi geçirilmedik ýagdaýynda, ol ýaranyň ýatgynyň boýunjygynyň howply kesellerine (rak keseline) öwrülme ähtimallygy uludyr. Edil şol sebäpden hem, göwreliligi meýilleşdirmezden öň, lukmanyň barlagyny geçip (sitologiki barlag, jynshana neminiň çyrşagynyň laborator barlagy), degişli bejergini almak ýerlikli bolardy.

Çaga galmazlygynyň sebäbini anyklamak üçin bolsa goşmaça barlaglary (ganyň ýokançlyklara barlagy, jyns agzalarynyň USB-gy, ýatgy turbajyklarynyň geçirijiligini barlamak, ýumurtgalaryň gormonal işjeňligini anyklamak, galkan şekilli mäziň işini anyklamak) geçirmek gerek bolar. Bu maksat üçin Size gözegçilik edýän ginekolog lukmanyňyza ýüz tutuň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele