Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy DOGRUM ŞIKESLERI
( 10 Ses Berme )

 

 

Salam hormatly lukman! Gelnim çaga dogranda, daşky jyns agzalaryndan aşaklygyna tarap kesip çagany dogurdypdyrlar. Şeýle dogrumdan soň jynsy gatnaşygy naçe wagtdan son geçirme rugsat berilýär hem-de indiki dogrumy naçe wagtdan meýilleşdirip bolar?

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Dogrumda jyns agzalarynda şikeslenme geçiren aýallara 7-10 gün oturmak rugsat edilmeýär. Jyns agzalaryň 3 derejeli şikeslenmelerinde 5-7 gün täret etmelerden hem saklanmak üçin aýala ýörite berhiz tutma maslahat berlip, ýörite iç sürüjileriň kömegi bilen ýeňil täret etme gazanylýar.

Şeýle dogrumdan söň birinji jynsy gatnaşyga emaý bilen çemeleşip, mümkin bolandan gatnaşygy 5-6 hepdeden soň başlama maslahat berlip biler. Şu möhlet dogrum ýollaryň kadaly ýagdaýyna eýe bolmagy üçin ýeterlik bolup durýandyr. Indiki dogrumy 1,5-2 ýyldan meýilleşdirme, aýal bedeni üçin oňaýly bolar. Çünki dine bir dogrum ýollaryň däl-de, bütün bedeniň dikeldilmegi üçin belli bir wagt möhüm bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 Merdan 2014-08-30 11:59
Salam hormatly lukman! Men size sheyle sorag beresim gelya. Menin yany doglan oglumyn kellesinde yumshak uly çish bar. Shol suwuklyk yaly chisi nadip ayyryp bolarka. Ginishleyin gurrun berayseniz. Sizden hoshal bolardym
Sitata
 
 
#1 Lekar 2014-04-01 02:18
Operasiya edýan lukmanlar ýa-da akuşer-ginekologlar şu ýokarky sorag ýüze çykmazdan öň hassa düşündiriş işlerini geçirenoklarmyka?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele