Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy PEŞEW SAKLAMA KYNÇYLYKLARY
( 10 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Meniň aýalym peşewini saklap bilmeýär. Şeýle ýagdaýda näme maslahat berip bilersiňiz?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Aýal maşgalanyň pesewi saklap bilmezligi dürli sebäplere görä ýüze çykyp, barlag geçirmezden anyk jogap bermek kynçylyk döredip biler. Şeýle ýagdaýa peşew ýollaryň alawlama ýagdaýy (peşew haltanyň sowuklamagy), peşew haltanyň agzyny büzüji myşsasynyň gowşaklygy, dogrumdan soňky şikeslenmeler, jyns agzalaryň aşak düşmegi ýaly sebäpler getirip biler. Aýbaşydan galma döwründe hem, gormonal üýtgeşmeleriň täsiri bilen pesewi saklamada kynçylyk döräp bilýändir. Dörän bozulmanyň sebäbini anyklamak üçin urolog we ginekolog lukmanlaryň maslahatyny almak netijeli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#4 Arnepes 2015-02-11 13:48
Saýtynyza sowlulyk isleýarin
!
Sitata
 
 
#3 Okyjy. 2014-03-30 01:26
Okyjy Lekar! Gaty dogry belläpsiňiz. Pylan ýerim agyrar diýip soralany bilen kesel kesgitlemesini anyklap, degerli maslahat berip bolarmy?!Lukmanyň kabul edişliginde hem bir topar soraga jogap berip barlagdan geçirilýär ahyryn. Soraňda-da anyk ýagdaýyňy aýdyp soramany başarmaly.
Sitata
 
 
#2 Lekar 2014-03-29 21:43
Sorag berenlerinde anyklyk ýok,soň jogabam shoňa görä bolýar.Meselem yokardaky sorag bilen diňe haýsy ýagdaýlarda peşew saklap bolmajagyny aýdaýmasaň başga üýtgeşik zat aýdyp bolmaz.Soragy bereňizde giňişleýin berseňiz jogaby hem şolar ýaly bolar diyip çaklaýan.
Sitata
 
 
#1 Okyjy 2014-03-29 09:10
Ejem sheyle yagdaya dushupdi birkuch yyllykda. Barlaga ibersek, suyji keselin berip bashlan tasiri bolup chykdy. Suyji keseline sebap bolan bagry uchin we umumy suyji kesel uchin bejergi alanyndan son galdy. Suyjiligini barlatmagy hem maslahat bererdim.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele