Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy SPIRAL ULANMA ZYÝANLYMY?
( 5 Ses Berme )

 

 

Salam lukman! Men ýatga spiral goýdurmak isleýärin. Ýöne joralarym spiralyň birnäçe zyýanly taraplarynyň bardygyny aýdýarlar. Onuň zyýanly taraplary barada giňişleýin gürrüň berseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Ýatga serişde (spiral) goýmak çäresi belli düzgünler we görkezmeler berjaý edilende, beden üçin zyýansyzdyr. Elbetde, göwreliligiň öňüni alyş serişdeleriniň hersine hem mahsus bolşy ýaly, spiral ulanmak netijesinde hem birnäçe wagtlaýyn döreýän amatsyzlyklara duş gelme mümkindir. Ýatga spiral goýlandan soň 1-2 gün gasygyň agyrmagy, 4-5 gün gan gatyşykly çyrşagyň bolmagy, birinji aýbaşynyň biraz uzak gelmegi garaşylýan alamatlar höküminde kabul edilip bilner. Seýrek ýagdaýlarda spiralyň süýşmegi (ekspulsiýa) hem bolup biler. Ýatga spiral goýdurmazdan öň ginekolog lukmanyň maslahatyny almak zerurdyr. Ýatga goýulýan spiral we başga goranyş usullary barada doly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri (kontrasepsiýa) barada näme bilmeli?" atly makala bilen tanyşmaklygy Size maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#2 TMG 2015-04-18 15:50
erkeklerde prostatiw name, nahili yollar bilen prostatiw kesekinden halas bolmaly, prostatiw jynsyngatnasyklarda zyyanlymy
Sitata
 
 
#1 gulmyrat 2014-09-16 13:49
Salam lukman.men saglyk yagdayym sebapli uralog we andralog lukmana barlanmakchy mana kim lukmana we haysy hassahana barmalydygym barada maslahat berseniz
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele