Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy GÖWÜSLERIŇ ÇIŞMEGI GORKULYMY?
( 9 Ses Berme )

 

Salam hormatly lukman! Men 1960-njy ýylda doglan. Geçen ýylyň maý aýyndan bäri göwsüm çişip başlady. Iýul aýynda Aşgabat şäherindäki Onkologiýa merkezine ýüz tutdym. Merkezde göwsümi punktirleme we mammografiýa anyklaýyş barlagyny geçirip, lukmanlar göwsüme operasiýa etmeli diýen netijä geldiler. Emma men operasiýadan gorkup keselhana barmadym. Lukmanyň maslahaty bilen, öýde arassalanmadyk ýag bilen aragyň hersinden 30 ml. garyp kabul etdim. Bejergi haýyr edenok. Indi 1 aýdan bäri göwüsdäki çiş ulalyp ellerime geçip ugrady. Hormatly lukman, bu kesel näme we ondan hähili gutulyp bolarka?

Saýtyň okyjysy. 

Hormatly okyjy!

Lukmanlar geçirilen barlaglaryň netijesini size beýan eden bolsalar, öýde geçirilen halk emleriň düwünli mastopatiýa keselinde netijesiz boljakdygyny hem, belki-de aýdandyrlar. Bu keselde, göwüsde üýtgemelere sezewar bolan ojaklarda howply täze döremeleriň döreme töwekgelçiliginiň ýokarydygyny belläsimiz gelýär. Wagtynda operatiw bejergini geçirmeden gorkup, wagt ýitirme howply gaýraüzülmeleriň döremegine getirip biler. Mammolog-onkolog lukmana gaýtadan ýüz tutyp, haýal etmän doly bejergi tapgyryny almagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#5 jeren 2016-12-13 23:40
Lukman mende gowus mazlerin sowuklamasy boldy lukmana hem gorkezkezdim lukmanyn yazyp beren darileri peyda berenok. Gowus cis bolp el degirsen agyryar. Munun vcn siz nahili maslahat beryaniz.
Sitata
 
 
#4 jeren 2016-12-13 23:33
Salamlar bolsun
Sitata
 
 
#3 mekan 2016-12-13 23:26
Salam lukman
Sitata
 
 
#2 Okyjy. 2014-04-24 23:54
Lekar okyjy! Hemme zatda bolşy ýaly saglygyna gezek gelende-de türkmen türkmenligini edýär. Emma beýleki keseller ýaly täze döremeler-çişleri öz wagtynda anyklap, täsir etmeseň derrew "wah" diýmesi "waýa" öwrülýär. Hudaý saklasyn!
Sitata
 
 
#1 Lekar 2014-04-24 12:22
Boljak ish bolansoň "wah"diýmäň,wagtynda maslahata eýerip bejergi almaly.
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele