Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy AÝBAŞY BOZULMASY
( 9 Ses Berme )

 

Salam lukman! Men 35 ýaşymda. Iki ýyldan bäri aýbaşy bozulmasyndan ejir çekýärin. Mende başda   spiral bardy. Ýatgydan gan gelme başlanansoň, lukmanlar spiraly aýryp bejergi berdiler. Gan gitme galan ýaly bolsa-da, bu ýagdaý ýene iki aýdan gaýtalandy. Bu gezek ýatgynyň diwarlaryny arassalap gan gitmäni sakladylar. Ondan  soň aýbaşym 6 aýdan gelip, şu ýagdaý ýene gaýtalandy. Aýal lukmany maňa "Gormonal bozulma" kesel kesgidini goýdy. Indi aýbaşym bir aý bolsa, iki aý bolanok. Aýbaşym gelsede ýene köp gan ýitirmeden ejir çekýärin. Maňa maslahat bermegiňizi  haýyş  edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Siziň beýan edýän ýagdaýyňyzda, ganyň jyns gormonlaryna barlagynyň, ýatgynyň arassalanmagy netijesinde alnan gyryndynyň morfologiki barlagynyň netijeleri bilen tanyşmak, gormonal bozulmanyň görnüşini kesgitlemäge kömek ederdi. Ondan başga-da, size berlen bejergileri hem doly beýan eden bolsaňyz peýdaly bolardy. Şunuň ýaly ýagdaýlarda endokrinolog lukmanyň maslahatyny alma zerurlygy hem ýüze çykýandyr. Gormonal bozulmanyň görnüşi kesgitlenensoň, bellenilen tertipde aýal jyns gormonlaryny kabul edip, aýal lukmanynyň gözegçiliginde saklanmak zerur bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#7 Aylar 2017-01-11 01:06
Salam lukman. Hayys menin soragyma jogap berayin. Men 18 yasymda aybasym bozuldy. 3 atay bari gelenok. Izum dasary yurda okayan. Mana maslahat gerek gyn gorman mana jogap gaytarsanyz
Sitata
 
 
#6 Lukman. 2016-03-10 00:47
Bahar!

Agyryly aýbaşynyň bejergileri barada doly maglumaty almak üçin Size saýtymyzda ýerleşdirilen "Aýbaşy bozulmalary: görnüşleri,alamatlary, bejergi çäreleri","Aýbaşynyň öňsyrasynda(predmenstrual) döreýän alamatlar" atly makalalar bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.
Sitata
 
 
#5 bahar 2016-03-09 07:53
salam Hormatly lukman!aizden haysh eger mumkin bolsa aydayynda? eger ay bashy bolanda guychli agry bolsa name etmeli?
Sitata
 
 
#4 bahar 2016-03-09 07:51
salam hormatly lukman,eeger mumkin bolsa sizden hayshym aydayynda? eger aybashy gelyan wagty guychli agry bolsa name etmeli maslahat berayin kyn gormeseniz?
Sitata
 
 
#3 jemile 2015-01-01 16:48
Hormatly lukman.men 20 yasymda durmusa cykmadyk gyz.name undir menin aybasym gelenok bir aydan kop wagt boldy.men dasary yurtda okayan howa uytgesikden zatdan bolup bilermika,basgada demim gysya,yuregim bulanya,iysem iymesem gagirip baslayan namedenka maslahat berayseniz.
Sitata
 
 
#2 jahan 2014-01-06 12:19
Men 19 yasymda name un men aybashym wagtynda dogry gelmeyar bir ay gelyar ikinji ay gelmeyar name sebapden beyle mana dogry maslahat berayin
Sitata
 
 
#1 Eneş 2013-09-23 13:48
Meniň näme üçindir demim gysýar? Nämedenkä?
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele