Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy ZYÝANLY DÄLMI?
( 6 Ses Berme )

 

 

Siz saýtda ýerleşdirilen bir makalada, aýbaşy döwründe jynsy gatnaşygy geçirme aýal üçin peýdaly diýip belläpsiňiz. Bu gatnaşyk erkek üçin zyýanly dälmikä? Uly adamlar aýbaşy döwründe akýan gandan köp keseller geçip bilýär diýýärler. Yslam dinimiz hem aýbaşy döwri jynsy gatnaşyk etmäge rugsat bermeýär.

Saýtyň okyjysy.

 

Hormatly okyjy!

Makalanyň awtory,  aýbaşy döwründe jynsy gatnaşyklary geçirmegiň  aýal saglygyna  peýdaly bolup biljekdigi baradaky pikirini  lukmançylyk nukdaýnazaryndan belläp geçdi. Elbetde, bu ýerde durnukly, bir adam bilen alnyp barylýan jynsy gatnaşyklar, jübütleriň islegleri, gigiýeniki talaplaryň doly berjaý edilmegi ýaly şertleri göz öňüne tutmak wajypdyr. Jynsy gatnaşyklaryň geçirilişi jübütleriň terbiýesine, dini garaýşyna bagly bolup, olar bu gatnaşyklary özlerine oňaýly şertlerde alyp barmaga  ymtylmalydyr. Bir jübütler tarapyndan oňlanýan ýagdaýlar, başga jübütler tarapyndan kabul edilmän hem biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Teswirlemeler  

 
#1 Zuleyha 2013-07-28 02:13
Men bir shahsy sorag berjekdim, yone ony kopculige yetirilmegini islamok. Eger sheyle yagday mumkin bolsa manada maslahat berayinda
Sitata
 

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele