Üns ber!

Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

Baş sahypa Sorag-jogap Zenan saglygy HORLANMA
( 8 Ses Berme )

 

 

Salam, hormatly lukman! Men soňky üç aýyň içinde horlanýan. Men öň çaga emdirýädim, indi bes etdim. Emdirmäni bes edenimden soň horlanyp başladym. Men nädip öňkim ýaly bolup bilerkäm?

Saýtyň okyjysy.

 

 

Hormatly okyjy!

Tebigatyň kanunyna laýyklykda göwredäki çaganyň kadaly ösüşini hem-de kemala gelşini üpjün etmek üçin geljekki enäniň agramyna birnäçe kilogrammlar goşulýar. Bu ýagdaý köp aýallary dogrumdan soň artykmaç agramlylyga garşy göreş alyp barmagy mejbur edýär.

Oňa garamazdan, çaga emdirilýän döwürde köp aýallarda bedeniniň agramynyň ýitirilmegi hem syn edilip bilner. Bu ýagdaýyň hem ençeme sebäpleri bardyr.

Birinjiden, fiziki işjeňligi, enäniň edýän başga hereketlerini nazara almanyňda, bedende diňe  süýt emele gelme hadysasyny doly amala aşyrmak üçin  500 kaloriý kuwwatlylyk ýitirilýändir. Ikinjiden, emdirýän zenanyň bedeninde alyş-çalyş ýagdaýlar has çalt depginde geçip, dogrumdan soňky 3-6 aý döwürde (başga endokrin näsazlyklar ýüze çykmadyk ýagdaýynda) aýalyň horlanmagy syn edilip bilner. Üçünjiden, iň esasy belläp geçmeli ýagdaý hem, dogrumdan soň enäniň günüň dowamynda edýän hereketleri (çaganyň idegi, öý-hojalyk işleri, çaga bilen gezmek we ençeme aladalar)  artyp, olary amala aşyrma üçin hem goşmaça kuwwatlylyk sarp edilýändir. Ondan başga-da, dogrumdan soňky döwürde ýüze çykýan gormonal üýtgemeler, içki agzalarda döreýän näsazlyklar hem agram ýitirilmeginiň sebäpleri bolup bilerler.

Galyberse-de, nesil yzarlaýjylyk faktoryny hem-de Siziň bedeniňiziň gurluş aýratynlyklaryny hem ünsden düşürip bolmaz. Eger siziň ejeňiz dogrumdan soň horlanan bolsa, siz hem aslynda hor, agajet bolsaňyz, elbet-de, çaga doglandan soň başky ýagdaýa gaýdyp gelip bilersiňiz.

Dogrumdan soňky horlanma ýagdaýna garşy göreşmek üçin birnäçe ýönekeý, ýöne peýdaly maslahatlary berip bolar:

Az-azdan, ýöne ýygy-ýygy iýmitleniň. Eger öý aladalary bilen  nahar iýmegi ýatdan çykarýan bolsaňyz, şol wagtlara sagat guruň. Nahary gyssanman, tagamyny duýup, gowy çeýnäň.

Iýmitiňize beloga baý, etli, hamyrly tagamlary goşuň.

Iýmitiňize ter gok önümleri hem-de ir-iýmişleri goşmagy unutmaň. Eger olary ýeterlik kabul etmäge mümkinçilik bolmasa, ýörite öndürilýän  witamin serişdelerini kabul ediň. Ýöne witaminli serişdeleriň çagada allergiki täsirliligi döredip biljekdigini ýatda saklap, bu babatda lukman bilen maslahatlaşmagy unutmaň.

Ukyňyzy ýeterlik aljak boluň. Dogry, kiçi çaga bilen ukyňy alaýma aňsat däldir, ýöne şeýle ýagdaýda öz ýakyn garyndaşlaryňyzy kömege çagyrma peýdaly bolar. Bir gije-gündizde azyndan  6-8 sagat dowam edýän ukusyz agramyňy almanyň kyn bolýanlygyny bellemelidir.

Eger berlen maslahatlaryň hiçisi hem gerekli netijäni gazanmaga kömek etmese, lukmana ýüz tutmak zerurlygy ýüze çykyp biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

 
Okamaga maslahat berýäris:
Halan bolsaň, ony öz dostlaryň ýa-da joralaryň bilen paýlaş...

Ýazylanlar barada pikiriňizi paýlaşyň

Biz Siziň çekeleşiklerimize gatnaşmagyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Şeýle-de sizi saýtymyzyň şu düzgünleri bilen tanyşdyrmak isleýäris:

1. Biz Siziň pikirleriňizi çäklendirmek islemeýäris, ýöne töhmet, ynamdan gaçyrýan, edepsizlik, ýaramazlyk, zorluk, paýyş, pornografiki, howp salýan, agzalalyk we ýigrenç döredýän gürrüňleri we bikanun hereketleri öz içine alýan materiallara rugsat berilmeýär. Şu agzalan materiallar saýtyň degişli işgärleri tarapyndan pozulyp bilner.
2. Siziň oý-pikirleriňiz biziň üçin juda wajypdyr! Ýöne biziň saýtymyzda makalany teswirleýän okyja edepsiz sözler bilen hüjüm edýän teswirlemelere ýol berilmeýär.
3. Ýazylan teswir öjükdiriji, ýagny agzalalyk döredýän häsiýetlidigine güman edilse, onda onuň çap edilmegine rugsat berilmez.
4. Düýbi ýa-da ýuridiki statusy belli bolmadyk web sahypalaryny salgy berýän internet çelgileri çap edilmeýär.
5. Teswirlemeler mowzugyň çäginden çykan ýagdaýynda, olar çap edilmez.
6. Teswirlemeler we çekeleşikler kommersiýa maksady bilen ulanylyp bilmez.
7. Nämälim ýagdaýlarda söwda belgisini ýa-da awtorlyk hukugyny bozýan materiallaryň teswirlemelerde bolmagyna ýol berilmez.


Goranma KODY
Täzele